Ýakynlaryny ýitiren adamlaryň sözlerine görä, ýogalýanlaryň köpüsi gan basyşy ýokarlanyp, ýüreginden tutup ölýär; olar jan bermänkä özlerine howa ýetmeýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, ýogalýan adamlary der basýar, olar ysgyndan düşüp, sähel wagtyň dowamynda ýagty jahan bilen hoşlaşýar.
Gyrgyz-täjik serhedinde, Batken sebitiniň Kum-Mazar şäherinde ýene bir atyşyk boldy. Gyrgyzystanyň Döwlet serhet gullugynyň habaryna görä, Täjigistanyň serhetýaka obasynyň ýaşaýjylary 24-nji iýulda Gyrgyzystanyň razylygyny alman, bu ýerdäki “çägeli meýdany arassalamak çärelerine" başlady. Bu wakanyň bolan ýerine gyrgyz serhetçileri, ýerli häkimiýetleriň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar geldi. Täjik tarapy gyrgyz tarapynyň bu işi bes etmek baradaky talaplaryna boýun egmedi. “Täjigistanyň raýatlary Gyrgyzystanyň raýatyny urmaga synanyşdy. Читать дальше...
Owganystanyň hukuk goraýjy guramasy soňky hepdelerde günortadaky Kandagar welaýatynda parahat ýaşaýjylaryň “nyşana alynmagy” netijesinde 33 adamyň, şol sanda aktiwistleriň, taýpa ýaşulularynyň we žurnalistleriň öldürilendigini habar berdi. Owganystanyň garaşsyz adam hukuklary komissiýasy (AIHRC) bu hili hüjümleriň “Talybanyň” gözegçiligindäki etraplarda-da, hökümet gözegçiligindäki sebitlerde hem bolandygyny aýtdy. “Biziň toplan maglumatlarymyza görä, Kandagar sebitinde 24-nji iýundan 6-njy iýula çenli aralykda 33 adam... Читать дальше...
Özbegistanda häkimiýetler koronawirus näsaglaryny bejermek üçin döredilen üpjünçilik merkezleriniň birinde işleýän bir aýaly tussag etdi. Ýerli onlaýn neşiriniň habaryna görä, ol özbek-hytaý koronawirus sanjymynyň 185 flakonyny 1400 dollara satmaga synanyşypdyr. Derňew wagtynda anyklanmagyna görä, paýtagtyň maşgala poliklinikalarynyň birinde işleýän şepagat uýasy tussag edilene ogurlyk sanjymyň her dozasy üçin 150 000 som (takmynan 16 dollar) tölejekdigini aýdypdyr. Mundan başga, hususy kompaniýanyň işgäri hem tussag edildi. Читать дальше...
24-nji iýulda Ýewropanyň birnäçe şäherinde on müňlerçe demonstrant köçelere çykyp, COVID-19 ýokuşmalarynyň öňüni almak üçin koronawirusa garşy sanjym almak boýunça girizilen düzgünlere öz garşylyklaryny bildirdi. Iň uly protest Fransiýada bolup, takmynan 160,000 adam restoranlara we beýleki köpçülik ýerlerine girmek üçin ýörite rugsatnama we ähli saglyk işgäriniň COVID-19 sanjymlaryny almagyny talap edýän kanun taslamasyna garşy tutuş ýurt boýunça demonstrasiýa geçirdi. Protestleriň köpüsi asuda boldy... Читать дальше...
Duşak şäherinde Ahalyň öňki häkiminiň buýrugy esasynda başlanan täze saglyk öýüniň, mekdebiň gurluşygy tamamlanman taşlandy; adamlar ýarpy ýumrulan saglyk öýüne, okuwçylar öýlerinden has uzakdaky mekdeplere gatnaýar; paýtagtda prezident bahasyny aýtman, taslama üstüne taslama tassyklaýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanyň ýokary bilim şertlerinden hem-de bilim almak üçin daşary ýurtlara göçýän türkmenlerden söz açýar.