Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň arasynda döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän uly nobatlary aradan aýyrmak üçin Aşgabatda subsidirlenen iýmit önümleriniň öýlere eltilip berilmegi dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
Türkmenistanda adatdan daşary yssy howa saklanýar. Howanyň temperaturasy 50 gradusdan geçýär. Aşa yssy howanyň fonunda Aşgabatda tozanly tupan döredi we ýurtda içimlik suw hem-de elektrik üpjünçiligi problemasy hasam ýitileşdi.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew Andijan welaýatynda saparda boldy. Prezident welaýatyň Izbaskan etrabynda täze açylan tikinçilik-trikotaž And Gold atly kärhana baryp gördi. Duşuşyk protokolda görkezilişi ýaly geçdi. Şeýle-de bolsa, Azatlygyň Özbek redaksiýasyna Mirziýaýewiň sapary wagtynda, golaýdaky mähellelerden gelin-gyzlaryň bu kärhana ýörite getirilendigi mälim boldy. Olar "tikinçi" roluny ýerine ýetirdiler, ýöne aldaw ýüze çykdy. Prezident gaýdandan soň, “tikinçiler” öýlerine goýberildi. Читать дальше...
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly biletleriniň onlaýn satylmagyny ýola goýdy. Ýöne ýolagçylar otly biletleriniň onlaýn söwdasynyň kadaly işlemeýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewi, bu wezipä bellenmeginden iki ýyldan hem az wagtyň içinde, “başga işe geçýändigi sebäpli” eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Türkiýe 1-nji iýuldan başlap aýallara garşy zorlugyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek baradaky halkara ylalaşykdan çykdy. Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy munuň “bihepbe we howply” karar bolandygyny, şeýle-de munuň netijesinde ezijileriň jezasyz galyp biljekdigini duýdurdy. Prezident Rejep Taýyp Erdogan martda Ýewropa Geňeşiniň Stambul Konwensiýasyndan çykmak barada karar kabul etdi. Bu halkara ýazgarmalara we Türkiýede köçe protestleriniň geçirilmegine sebäp boldy. Читать дальше...
Hindistanda COVID-19 sebäpli ölenleriň resmi sany 400 müň adamdan geçdi. Şol bir wagtda, koronawirusyň adamdan adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşiniň dünýäde ýokanjyň täze tolkunyna sebäp bolmagynyň mümkindigi barada aladalar bildirilýär. Koronawirus global pandemiýasy başlanandan bäri, wirusdan 4 milliona golaý adam öldi. Emma Bütindünýä Saglyk Guramasy heläk bolanlaryň asyl sanynyň 2-3 esse köp bolmagynyň mümkindigini duýdurýar. Hindistanyň Saglyk ministrliginiň 2-nji iýulda beren maglumatyna görä... Читать дальше...
ABŞ-nyň harbylary Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Owganystanda 20 ýyldan gowrak wagtyň içinde giňden peýdalanan Bagram howa bazasyny Owgan milli howpsuzlyk we goranyş güýçleriniň garamagyna geçirdi. Bu ägirt uly baza sowetler tarapyndan gurlupdy. Bu Birleşen Ştatlaryň we NATO güýçleriniň Owganystandaky ulanan iň uly harby bazasy boldy. Amerikanyň harby hereketlere has köp gatnaşan döwri, bu bazada on müňlerçe esger ýerleşdirilipdi. “Ähli koalisiýa güýçleri Bagramdan çykdy” diýip... Читать дальше...
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 1-nji iýulda Özbegistanyň we Täjigistanyň baş diplomatlary bilen duşuşdy. Maslahatyň dowamynda esasan Owganystandaky ýagdaýlar üns merkezinde boldy. Bu ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň Owganystandan doly çykarylýan döwrüne gabat geldi. Waşingtondaky duşuşyk soňky hepdeleriň dowamynda “Talybanyň” Owganystanda onlarça etraby öz gol astyna geçirmegi bilen utgaşdy. Jeňçileriň barha öňe ilerlemegi Günbatar tarapyndan goldanylýan Kabul hökümetiniň... Читать дальше...