Özbegistanyň aragatnaşyk gözegçilik edarasy, şahsy maglumatlar baradaky kanuny bozandygyny aýdyp, ýurtdaky birnäçe sosial media websaýtynyň işini çäklendirdi. O’zkomnazorat bu barada 2-nji iýulda mälim etdi, emma anyk haýsy sosial ulgamlaryň çäklendirilendigini aýan etmedi. Emma Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdunyň internet ulanyjylary Twitter, TikTok, VKontakte we Skype ýaly sosial ulgamlaryň işinde näsazlyklaryň ýüze çykandygyny aýdýarlar. Çäklendirmeleriň çäginde gürrüňi gidýän sosial... Читать дальше...
Owganystanyň demirgazygynda “Talyban” jeňçileriniň barha köp sebitleri öz gol astyna geçirmegi bilen, 300-e golaý owgan esgeri gaçyp, Täjigistanyň serhedini geçdi. Bu barada Täjigistanyň Serhet gullugy 3-nji iýulda habar berdi. Soňky iki hepdäniň dowamynda owgan esgerleri Täjigistanyň territoriýasyna eýýäm üçünji gezek gaçyp geçýärler. Täjik Gümrük gullugy Owganystanyň demirgazyk-günbataryndaky Badagşan welaýatynyň serhet nokadynyň we onuň golaýyndaky birnäçe obanyň “Talybanyň” eline geçmeginden soň, ýagdaýlaryň “çylşyrymlaşandygyny” aýtdy.
3-nji iýulda Hindi ummanynda Ysraýylyň eýeçiligindäki ýük gämisine hüjüm edildi. Ysraýylyň N12 tele-kanalynyň ýurduň goranmak pudagyndaky atlandyrylmadyk bir resmä salgylanyp beren maglumatyna görä, gäminiň ekipažyna şikes ýetmändir. Mundan başga-da, gämä ujypsyz zyýan ýetip, ol hadysadan soňra ýoluny dowam etdiripdir. N12 tele-kanaly häzir Ysraýylyň goranmak resmileriniň bu hadysanyň arkasynda Eýranyň güýçleriniň durup-durmandygyny seljerýändigini hem habar berdi. Mundan öň, Liwanyň “Al Maýadin”... Читать дальше...
Azerbaýjan Ermenistana ýerleşdirilen minalar baradaky kartalarynyň öwezine ele salnan 15 ermeni esgerini berdi. Bu barada iki ýurduň hem daşary işler ministrleri 3-nji iýulda mälim etdiler. Geçen ýyl dawaly Daglyk-Garabag sebiti üstünde Azerbaýjan we etniki ermeni güýçleri alty hepde söweşdiler. Çaknyşyklar noýabrda, Moskwanyň araçylyk etmegindäki, ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşyk bilen tamamlandy. Oňa laýyklykda, Baku Daglyk-Garabagyň we onuň töweregindäki ýedi etrabyň käbir sebitlerini öz gözegçiligine geçirdi. Читать дальше...
Aşgabatda täze-täze gurluşyklaryň yzy üzülmeýär. Gurulýan ak mermerli desgalar binagärçilik taýdan tapawutlanýar. Döwlet mediasy täze binalary öwüp arşa çykarýar, ýönekeý raýatlar olaryň ähmiýetini sorag astyna alýar. Dünýä Türkmenleriniň bu sany Aşgabat häkimiýetleriniň gurluşyk 'höwesine', hususan-da onuň äpet binalary gurmak 'höwesine' gönükdirilýär. Türkmen paýtagtynda mähnetligi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna giren desgalar az däl. Meselem, Aşgabatda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar... Читать дальше...