Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky susdurma praktikalary we hukuk goraýjylaryň sesleri temasyndan gurnan maslahaty; Owganystandaky etniki türkmenleriň kynçylyklary we resmi Aşgabadyň pozisiýasy baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Siriýa uzak wagt bäri ýolbaşçylyk edýän Başar al-Assad maý aýynda geçirilen we oppozisiýa tarapyndan galplyk hökmünde inkär edilen saýlawdan soň dördünji ýedi ýyllyk prezident möhleti üçin kasam etdi. Assad 17-nji iýulda siriýalylary watanyna dolanmaga çagyrdy we özüne ses berenlere minnetdarlyk bildirdi. Dawaly resmi netijelere görä, 26-njy maýda ýurduň hökümet tarapyndan gözegçilik edilýän ýerlerinde geçirilen saýlawda Assad 95,1 göterim ses aldy. Siriýa 2011-nji ýyldan bäri raýat urşuna... Читать дальше...
Günbatar Ýewropanyň käbir ýerlerinde bolup geçen suw joşmalarynda 150-den gowrak adam öldi, sil suwlary Germaniýa bilen Belgiýanyň serhedindäki sebite has agyr täsir ýetirdi. Weýrançylykly suw joşmasy Germaniýada azyndan 133 adamyň ölmegine sebäp boldy, şu hepdäniň başynda ýagan güýçli ýagyşlardan soň, Ýewropada ýada düşýän iň güýçli suw joşmalarynyň biri netijesinde dört ýurt has agyr zyýan çekdi. Belgiýada azyndan 20 adamyň ölendigi habar berildi. Sil Germaniýanyň 20 gowrak oba-şäherine we Belgiýanyň käbir ýerlerine zarba urdy. Читать дальше...
Nowosibirskde "daşary ýurt agenti" diýlip ykrar edilen žurnalistleri goldamak üçin protest geçirilýär. Oňa gatnaşanlar bu hünäriň hakykatda Orsýetde ýok edilýändigigini aýdýarlar. “Takie Dela” neşiriniň žurnalisti Rita Loginowa “Žurnalistler duşman däl! Habar beriş serişdeleri erkin bolmaly” diýen şygarylary göterip, şäheriň merkezi meýdançasyna çykdy. Beýleki bir piketçiniň plakatynda bolsa “Proýekt” häkimiýetleri derňeýär - awtorlary “daşary ýurt agentleri” diýip yglan edýärler”, “Žurnalistika jenaýat däl” diýlip ýazylypdyr. Читать дальше...
Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 16-njy iýulda Daşkentde “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özara baglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler” atly ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşdy diýip, Türkmen DIM-i habar berýärtürkmen wekiliýe. Maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 250-den gowrak wekil gatnaşdy. Maslahatyň açylyşynda gatnaşyjylar Özbegistanyň we Owganystanyň prezidentleriniň, Pakistanyň premýer-ministriniň... Читать дальше...
Türkmenistan Bütindünýä bankyndan COVID-19-a garşy alyp barýan çärelerini güýçlendirmek üçin $20 million möçberinde karz alýar. Bu habar sanjym, waksina işleriniň has güýçlendirilen wagtyna gabat geldi. Emma hökümet COVID-19 ýokuşan ýa ondan ölen adamlar barada hiç bir maglumat bermeýär.