Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda degişlilikdäki arzan çilimiň gaýtadan peýda bolmagy bilen, çilimkeşler bilen bir hatarda, temmäki önümini soňy bilen hususy söwdegärlere has gymmada satmak maksady bilen, şol sanda aýal maşgalalar hem uzakly gün nobatda garaşýarlar.
Ykdysady krizis azyk ýetmezçiligi, bahalaryň ýokarlanmagy, inflýasiýa we giňden ýaýran işsizlik ilatyň arasynda nägileligi döredýär. Türkmenistanyň ilatynyň gitdigiçe has uly bölegi subsidirlenen bahalardan satylýan önümlere bagly bolýar, emma azygyň elýeterliligi kynlaşýar.
Türkmenistanda aşa yssy howanyň saklanýan bu günlerinde Lebabyň häkimiýetleri her gije merkezi Türkmenabat şäheriniň eteginde köpçülikleýin zir-zibilleri ýakýarlar. Bu onsuz hem dem almagy kyn bolan kapas howa şertlerinde, ýerli ilata uly kynçylyklary döredýär.
Owganystandaky nemes, italýan we demirgazyk makedoniýa goşunlarynyň iň soňky tapgyry öýlerine dolandy. Munuň bilen bu ýurtlar, halkara güýçleriniň uruşdan ejir çeken ýurtdan goşun çekmegi çaltlandyrmagynyň çäginde, Owganystandaky 20 ýyllyk missiýasyny tamamladylar. Prezident Jo Baýden Waşingtonyň 11-nji sentýabra çenli amerikan güýçlerini Owganystandan doly çykarýandygyny yglan edenden soňra, aprel aýynda ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýa özüniň Owganystandaky 9,600 kontingentli missiýasyny soňlandyrmak kararyna geldi. Читать дальше...
Türkmenistanda aşa yssy howanyň saklanýan bu günlerinde Lebabyň häkimiýetleri her gije merkezi Türkmenabat şäheriniň eteginde köpçülikleýin zir-zibilleri ýakýarlar. Bu onsuz hem dem almagy kyn bolan kapas howa şertlerinde, ýerli ilata uly kynçylyklary döredýär. “Soňky günler gijelerine Türkmenabady dem gysdyryjy, ýaramaz ys we tüsse gurşap alýar. Yzarlap görsem, häkimiýetler gije ýaryndan daňdan 06:00-a çenli Çärjew etrabynyň günortasyndaky zir-zibil poligonynda köpçülik ýagdaýda hapalary, taşlandylary ýakýar ekenler” diýip... Читать дальше...
Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) baş sekretary Antonio Guterriş ABŞ administrasiýasyna ýüz tutup, 2015-nji ýylda Tähran bilen dünýä güýçleriniň arasynda gazanylan ýadro ylalaşygy esasynda, Eýrana garşy girizilen ähli sanksiýalaryň “ýatyrylmagyna ýa-da gowşadylmagyna” çagyrdy. Guterriş 30-njy iýunda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine beren hasabatynda Eýrany hem şertnamanyň ähli şertlerini gaýtadan ýerine ýetirmäge çagyrdy we ýurduň kanun bozmalaryny “aladaly ädimler” diýip häsiýetlendirdi. Baş sekretaryň... Читать дальше...
Bangladeş 1-nji iýuldan berk petikleme yglan edýär. Koronawirusyň çalt ýokaşýan delta görnüşi Aziýa yklymynda hasaba alynýan kesel hadysalaryny ýokarlandyrýar. Indoneziýa yklymda adatdan daşary ýagdaý yglan eden ýurtlaryň soňkusydyr. Bangladeş hökümeti bir hepdelik gulplamalaryň gözegçiligine harby goşuny we polisiýa güýçlerini çekýär. Petiklemeleriň dowamynda ähli dükanlar, edara-kärhanalar ýapylýar, we bu Günorta Aziýa ýurdunyň 168 million ilatyndan öýde galmak talap edilýär. Petiklemeler köp... Читать дальше...
Hytaý prezidenti Si Szinpin 1-nji iýulda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň ýüzýyllygyna bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin çärede partiýanyň gazananlaryny magtady we daşary ýurt garşydaşlaryna ýurdy gorkuzmaga synanyşmazlygy duýdurdy. Bu çäre Pekiniň uýgurlara we beýleki musulman azlyklaryna daraşmalary sebäpli, şeýle-de Tibetden Hong Kongo çenli demokratiýa we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleri tussagy etmegi hem-de gorkuzmagy sebäpli, onuň halkara tankyda we sanksiýalara uçraýan wagtyna gabat gelýär. Читать дальше...
Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň aktiwligi has-da ösdi we olar türkmen häkimiýetleriniň esasan, syýasy, sosial-ykdysady syýasatlaryny tankytlaýarlar we il bähbitli reformalary durmuşa geçirmegi talap edýärler. Golaýda Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlarynyň hususan, sosial problemalarynyň çözülmegine kömek bermegi maksat edýändigi aýdylýan “Oguzboýy” bilim, medeni we ýardam beriji resmi däl jemgyýet Türkiýäniň Stambul şäherinde döredildi. Jemgyýeti esaslandyryjylaryň... Читать дальше...