Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmek kampaniýasy 12-nji iýulda başlanyp, 27-nji awgusta çenli dowam eder. Bu barada Ministrler kabinetiniň 9-njy iýulda geçiren mejlisinde karar kabul edildi. Türkmenistanyň prezidentiniň buýrugyna laýyklykda, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçiriler. Geçen ýyllardan tapawutlykda, bu ýyl näçe adamyň ýokary okuw mekdepleriň talyplary boljakdygy aýdyňlaşdyrylmady. Geçen okuw ýylynda... Читать дальше...
Täjigistanyň gündogarynda 5,9 bal derejesinde ýer titredi. Hadysada bäş adam öldi. Bu barada ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar komiteti maglumat berdi. Komitetiň maglumatyna görä, 10-njy iýulda irden dörän ýer sarsgynynda 20 töweregi jaý weýran bolupdyr. Ýer titreme Raşt şäheriniň 27 kilometr gündogarynda ýüze çykdy diýip, Ýewropa-Ýuwaş umman sebiti boýunça seýsmologiki merkezi (EMSC) habar berdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 9-njy iýulda özüniň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Russiýada hereket edýän kiber-talaňçy toparlaryna garşy “çäre görmegi” duýdurdy. Bu barada Ak Tam maglumat berýär. Baýden Putine Birleşen Ştatlaryň amerikalylary we kiber-hüjümleriniň howp abandyrýan möhüm infrastrukturalaryny goramak üçin “islendik gerekli çäräni” görjekdigini aýtdy. Mundan bir hepde töweregi öň, düýbi Floridada ýerleşýän uzakdan dolandyryş programma üpjünçiligini... Читать дальше...
BMG Ukrainanyň gündogaryndaky Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň her gün diýen ýaly tussaglary gynaýandyklaryny we olara zulum edýändiklerini aýdýar. BMG-niň adam hukuklary boýunça başlygynyň orunbasary Nada Al-Naşifiniň 9-njy iýulda beren maglumatyna görä, Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleriň gözegçiligindäki sebitleriň tussaghanalarynda, hususan hem Donetskiň “Izolýatsiýa” türmesinde “gözçykgynç kanun bozmalar” amal edilýär. Kanunbozmalar “her gün we sistematiki ýagdaýda amal edilýär” diýip... Читать дальше...
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň alty aýynyň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ösüş sanlaryndan doly hasabatlary diňläp, kadr çalşygyny geçirdi, şol sanda wezipe basgançaklarynda ýokary galdyrylýan ogluny täze wezipelere belledi. Berdimuhamedow 9-njy iýulda nobatdaky guramaçylyk özgerişliklerini geçirip, ýurtdaky ýiti maliýe çökgünliginiň arasynda, ogly Serdar Berdimuhamedowa Ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary toplumyna gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle-de... Читать дальше...
Bosgunlykda döredilen “Türkmenistanyň demokratik saýlawy” DWT-niň lideri Myrat Gurbanow 8-nji iýulda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň öňünde ýekelikde protest geçirdi we türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan plakatlar bilen çykyş etdi. Gurbanow BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşiniň 21-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda geçýän nobatdaky 47-nji maslahatyna gatnaşýanlaryň ünsüni Türkmenistandaky bikanunçylyklara çekmek maksady bilen ýekelikde protest geçirendigini Ženewadan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy. Читать дальше...