Rus kinorežissýory Andreý Konçalowskiniň Hruşew döwründäki sütemler we 1962-nji ýyldaky gyrgynçylyk barada gürrüň berýän eseri 77-nji Wenesiýa halkara film festiwalynda ýörite emin baýragyna mynasyp boldy. 83 ýaşly kinorežissýor özüniň “Eziz ýoldaş” atlandyran ak-gara filminde uruşdan soňky sowet adamlarynyň "tämizligini" "erteki" beýanaty görnüşinde açyp görkezýär we olaryň köpüsiniň şol bir wagtyň özünde “hem gowy, hem erbet" bolandygyny adýar. Konçalowskiniň aýaly, Nowoçerkassk sebitinde doglan... Читать дальше...
ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça baş hünärmeni Entoni Fauçi prezident Donald Trampyň ýurduň koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde möhüm tapgyra geçendigi baradaky pikiri bilen ylalaşmaýandygyny aýtdy. "Men bu pikir bilen ylalaşyp biljek däl, sebäbi diýseň, siz eger-de ýaňy aýdanlaryňyza, ýagny statistika seretseňiz, ol alada döredýär" diýip, Fauçi 11-nji sentýabrda MSNBC telekanalyna beren interwýusynda aýtdy. Fauçi Trampyň koronawirus krizisine bolan optimistik garaýyşlaryna köplenç aç-açan garşylyk görkezýär. Читать дальше...
Minskde aýal-gyzlaryň Belarusda geçirilen prezident saýlawlarynda ses berişligiň galplaşdyrylmagyna garşy we ozal tussag edilen aktiwistleri goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşan onlarça adam tussag edildi. Çärä gatnaşyjylar şäher merkezindäki Erkinlik meýdanyna ýygnandylar. Olaryň käbiri ellerinde polisiýanyň zorlugynyň pidasy bolanlaryň suratlaryny saklap durdy. Olar ýerli wagt bilen öýlän sagat 3 töweregi sütünler düzülip, el çarpmaga başladylar. Polisiýa bu çärä ygtyýar berilmändigini duýdurdy. Читать дальше...
Ýekşenbe güni Orsýetiň 41 sebitinde dürli derejedäki saýlawlar geçirilýär. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, bu ses berişlikler 2021-nji ýylda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda barha meşhurlygy peselýän dolandyryjy “Bitewi Orsýet” partiýasy üçin aýgytly synag bolar. 13-nji sentýabrdaky ýeke günlük göni saýlawlarda 18 sebitde gubernatorlar, 11 sebitde sebit mejlisiniň agzalary, 22 dolandyryş merkezinde şäher kanun çykaryjy mejlisleriniň agzalary saýlanar. Mundan başga, bir mandatly... Читать дальше...