7-nji sentýabrda Belarusyň häkimiýetleri onlarça müň adam paýtagtda we beýleki şäherlerde ýöriş geçiren mahaly, 633 töweregi protestçiniň tussag edilendigini mälim etdiler. 6-njy sentýabrda geçirilen bu ýörişler oppozisiýanyň ýolbaşçylygynda prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň wezipeden çekilmegine basyş etmek maksady bilen gurnalan soňky protest ýygnanyşygydyr. Bu aralykda, protestler 30-njy gününe giren mahaly, bir şaýat oppozisiýanyň utgaşdyryjy toparynyň esasy agzasynyň mikroawtobusa mündürilip äkidilendigini habar berensoň... Читать дальше...
Alekseý Nawalnyny bejerýän nemes hassahanasy Orsýetiň oppozisiýa lideriniň ýagdaýynyň "gowulaşandygyny" we özüne "aýdylýanlara reaksiýa berýändigini" aýtdy. Berliniň Çarite hassahanasy 7-nji sentýabrda eden beýanatynda 44 ýaşly Nawalnynyň "emeli komadan çykarylandygyny" we "öýkeni emeli işledýän guraldan aýrylandygyny" habar berdi. Şeýle-de bolsa, hassahana "agyr zäherlenmäniň uzak möhletli täsirlerini kesgitlemek üçin entek irdigini" aýtdy. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň açyk tankytçysy Nawalnyý... Читать дальше...
Lebabyň Kerki etrabynda zeýkeşleriň we ýaplaryň arassalanmazlygy ýerleriň hasyllylygyny peseldýär. Hususan-da şaly ösdürip ýetişdirýän daýhanlar bu ýagdaýdan şikaýat edýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy oba hojalyk hünärmenlerine we daýhanlara salgylanyp habar berýär. Kerkili daýhanlaryň ençemesi etrabyň çäginde azyndan 30 ýyl bäri arassalanmadyk zeý kanallarynyň bardygyny, şeýle-de ekerançylyk ýerlerini suwarmak üçin zerur bolan kanallaryň suw geçirijilik ukybynyň ep-esli pese gaçandygyny aýdýarlar. Читать дальше...
Mary welaýatynyň Ýangyn söndüriji gullugynyň işgärleri dürli sebäpler we bahanalar esasynda özlerine degişli bolmadyk işlerde işlemäge mejbur edilýändiklerini aýdýarlar.
Türkmenistanda “howply ýokanç keseli” bejerişden zandyýamanlyk bilen ýüz dönderenler we ony ýokuşdyranlar iki ýyl möhlet bilen, bu ýagdaý gaýtalanan ýagdaýynda bäş ýyl möhlet bilen, azatlykdan mahrum ediler. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri döwlet metbugatyna salgylanyp, habar berýär. COVID-19 howpunyň arasynda türkmen häkimiýetleri Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeleri girizdi. Täze üýtgetmelere görä, mundan ozal AIDS keselini ýokuşdyranlaryň azatlykdan mahrum edilmegini talap... Читать дальше...
Dünýäde koronawirus ýokaşan adamlaryň sany 6-njy sentýabrda 304 626 adamdan ybarat bolup, gündelik statistikany rekord derejede ýokarlandyrdy. Bu barada ýekşenbe güni ABŞ-nyň Jon Hopkins uniwersiteti habar berdi. "Deuche Welle" media serişdesiniň belleýşi ýaly, öňki iň ýokary san 14-nji awgusta degişli bolup, şol gün COVID-19 ýokaşanlaryň sany 304 351 adama barabar bolupdy. Şol bir wagtyň özünde, günde hasaba alnan ölümleriň sany iki esse azaldy. 14-nji awgustda koronawirus ýokaşan 10 135 näsag ölen bolsa... Читать дальше...
Serbiýanyň we Kosowanyň liderleriniň ABŞ-nyň araçylyk eden şertnamasynyň çäginde 7-nji sentýabrda Brýusselde ÝB-niň ýokary derejeli liderleriniň duşuşmagyna garaşylýar. Ylalaşyk iki Balkan goňşusynyň ykdysady gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksadyna gönükdirilýär. ÝB-niň resmileri ykdysady öňegidişlik Serbiýanyň prezidenti Alyaksandar Wuçiç bilen Kosowanyň premýer-ministri Awdullah Hotiniň arasynda syýasy özgerişe hem getirer diýip umyt edýärler. Kosowonyň statusy Serbiýa, Orsýet we sanlyja Ýewropa ýurtlary tarapyndan heniz ykrar edilmedi. Читать дальше...
Prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny talap edip, Minskde geçirilýän protest aksiýalaryna 6-njy sentýabrda oppozisiýa on müňlerçe belarus raýaty goşuldy. Belarusyň paýtagtynda adamlar uly topar bolup ýöriş geçirdiler we "Ýaşasyn Belarus!" we "Utanç!" diýen şygarlary öňe sürüp, şeýle hem oppozisiýanyň nyşany bolan, häkimiýetler tarapyndan bolsa gadagan edilen gyzyl we ak reňkli baýdaklary göterdiler. Agşam ýakynlaşanda, demonstrantlar prezident köşgüne barýan köçä bardy. Prezidentiň... Читать дальше...
Lebap welaýatynyň häkimiýetleri “UZ Auto” kompaniýasy we Günorta Koreýanyň awtoulag şereketleri tarapyndan öndürilen käbir awtoulaglary sürmegi çäklendirdiler. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçysynyň aýtmagyna görä, şu günler welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri bu awtoulaglary saklap, olary "jerime duralgalaryna" alyp gidýärler. “Bu ulaglaryň arasynda “UZ Auto” kompaniýasyna degişli, şeýle-de “Matiz”... Читать дальше...
Türkmenistanyň Eýran bilen serhediniň golaýynda 6-njy sentýabrda agşam we 7-nji sentýabrda irden birnäçe ýer titreme boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Şamerdanguly Myradynyň Eýranyň geofiziki institutyna salgylanyp habar bermegine görä, ýer titreme 7-nji sentýabrda 10 kilometr çuňlukda, sagat 10:23 töwereginde hasaba alnypdyr we 3,1 ball derejesinde kesgitlenipdir. "Golestan welaýatynyň gündogarynda 3,1 ball ululykda ýer titreme bu demirgazyk sebitiň ilatyny ýene bir gezek gorkuzdy we öýlerinden hem iş ýerlerinden çykardy" diýip... Читать дальше...