Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanda Esasy kanuna girizilýän üýtgetmeler we ýurtda emele gelen ýagdaý; Mary sebitiniň döwlet edaralarynda geçirilýän 'para' barlagy; Owganystanda ýaşaýan türkmen zenanlarynyň kimlik kartlaryny almagyna päsgel berýän düşünjeler baradaky söhbetlerimizi diňlemäge we öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Belarusda bir aýdan gowrak ozal geçirilen prezident saýlawynda ýeňiş gazanan Aleksandr Lukaşenka garşy protestler dowam edýär. Ellerine gül çemenlerini alan aýallaryň köpüsi 26-njy sentýabrda Minsk şäheriniň merkezine ýygnanyp, paýtagtyň merkezinde guralmakçy bolnan aýallar ýörişine gatnaşmakçy boldy. Azatlyk radiosynyň Belarus gullugy pitnä garşy polisiýanyň gyssagly ýagdaýda herekete geçip, azyndan 10 aýaly tussag edendigini habar berdi. Polisiýa tarapyndan saklananlaryň arasynda Lukaşenka garşy protestlere yzygiderli gatnaşýan ejiz... Читать дальше...
25-nji sentýabr agşamy Ukrainanyň gündogarynda harby transport uçary heläkçilige uçranda 26 adam, şol sanda Howa güýçleriniň kursantlary heläk boldy diýip, harbylar aýtdy. 27 adamy alyp barýan Antonow An-26 uçary demirgazyk-gündogar Harkow sebitine gonan wagtynda heläkçilige uçrady. Resmiler soňra uçardaky pilotyň gonuşdan sähel wagt öň motor näsazlygy barada habar berendigini aýtdylar. Iki adam ölmän galdy we keselhana ýerleşdirildi. Ýöne resmiler soňra olaryň biriniň aradan çykandygyny habar berdiler.
Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 1 milliona golaýlady, ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça ýokary hünärmeni pandemiýa ýadawlygyna we koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin edilýän tagallalaryň gowşadylmagyna garşy duýduryş berdi. ABŞ-nyň Milli allergiýa we ýokanç keseller institutynyň başlygy, doktor Entoni Fauçi 25-nji sentýabrda adamlara “munuň soňunyň bardygyny” ýatlatdy we olary ylmy-gözlegçiler sanjym döredýänçä biraz sabyr etmäge çagyrdy. Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä... Читать дальше...
Marynyň döwlet edaralarynda geçirilýän barlaglar eýýäm birnäçe gün bäri dowam edýär, ýöne resmiler ol barlaglaryň sebäpleri barada hiç bir düşündiriş bermeýärler diýip, habarçy aýtdy.
2020-nji ýylyň Sambo boýunça dünýä çempionaty, koronawirus pandemiýasy aladalary bilen baglylykda, Serbiýa geçirildi diýip, insidethegames.biz neşiri habar berýär. Ilkibaşda Türkmenistanda geçirilmekçi bolnan bäsleşik indi Nowi Sadda taýýarlanan Bütindünýä ýaşlar we Ýaşlar sambo çempionaty bilen bilelikde geçiriler. Halkara Sambo federasiýasynyň (FIAS) maglumatyna görä, koronawirus krizisi sebäpli, türkmeniň paýtagty Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek mümkin däl. Bu ýaryş... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti, dünýäde ýaran ýiti ýokanç keseliň "ýurda getirilmeginiň" we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde işleýän saglyk işgärleriniň aýlyk haklarynyň 15 göterimi möçberinde goşmaça hak tölemek baradaky karara gol çekdi. Bu karar ýurduň ilatynyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjünçiligini, saglyk işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak maksady bilen düşündirilýär. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, degişli sanawa laýyklykda, ýurduň uzakda ýerleşýän... Читать дальше...