BSG Ýewropanyň güýz paslynda has köp COVID-19 ölümine taýýar bolmalydygyny aýdýar; pandemiýa döwründe ykdysady pese gaçyş howanyň üýtgemegini haýallatmaga kömek etmedi; Britaniýada howpsuzlyk aladalary sebäpli togtadylan sanjym synaglaryna gaýtadan başlandy. (Agentlikler)
Aşgabadyň mekdeplerinde we çagalar baglarynda barlaglar dowam edýär. Bilim resmileri bolup geçýän wakalar barada düşündiriş bermeýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtyň mekdeplerindäki barlaglaryň rus dilinde sapak berýän klaslaryň ýapylmagy bilen baglydygyny aýdýarlar. Bu aralykda Orsýetiň DIM-i türkmen tarapyndan rus dilli sapaklaryň ýatyrylmagy barada düşündiriş sorady.
ABŞ-nyň Halkara din azatlygy komissiýasy (USCIRF) 16-njy sentýabrda Russiýada we Merkezi Aziýada "din azatlygynyň howsalaly ýagdaýy" barada wirtual diňlenişik geçirýär. Russiýa we Merkezi Aziýanyň dürli ýurtlary 1990-njy ýyllaryň aýagynda bäri, öňki sowet praktikasyna esaslanýan repressiw din kanunlaryny kabul edip, din azatlygyny basgylap gelýärler diýip, düýbi Waşingtonda ýerleşýän komissiýa aýtdy. USCIRF sebitdäki resmileriň “dini däplere berk gözegçilik edýändigini we onuň dessurlaryny düzgünleşdirýändigini... Читать дальше...
Türkmen türmelerinde "diri ýitenleriň" sany dini ekstremizmde aýyplanyp, ýapyk gapylaryň arkasynda uzak türme möhletine höküm edilen onlarça dindaryň hasabyna hem artdy we olaryň käbiriniň türmede urlup-ýenjilmekden we beýleki ýowuz şertler astynda ýogalandygy aýdylýar
Gaza zolagyndaky söweşijiler Ysraýyla raketa atdy we Ysraýylyň uçarlary Palestinanyň territoriýasyndaky nyşanalary bombalady. Bu waka Ysraýyl bilen pars aýlagyndaky iki arap döwletiniň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin möhüm şertnamalaryň gol çekilen mahalyna gabat geldi. Ysraýylyň harbylary 16-njy sentýabrda irden Gaza takmynan 10 howa zarbasyny amala aşyrandyklaryny we “Hamas” söweşiji topar tarapyndan dolandyrylýan sebitden Ysraýylyň serhet ýakasyndaky territoriýalaryna 15 raketanyň atylandygyny aýtdy. Читать дальше...
Baýramaly etrabynyň oba ýaşaýjylary şäherde ýerleşýän bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak üçin notarial edaralardan ynanç hatyny resmileşdirmeli. Farap we Darganata etraplarynda pensiýalaryny nagt almaga hukugy bolan pensionerler iki aý bäri pensiýa haklaryny alyp bilmeýärler. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.
Studentler öz ene-atalaryna telefon edip, kepilnamany tiz wagtda 'düzetmegi' we şu hepdäniň içinde poçta arkaly ugratmagy soraýarlar" diýip, habarçy aýdýar.
Ýaponiýanyň kanunçykaryjylary Şinzo Abe işinden çekilenden soň, Ýoşihido Sugany ýurduň täze premýer-ministri wezipesine tassykladylar. Suga 16-njy sentýabrda özüniň konserwatiw Liberal demokratik partiýasynyň (LDP) ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy koalisiýa tarapyndan kontrollyk edilýän parlamentiň iki palatasynda-da sesleri ýeňdi. Suga we onuň täze kabineti 16-njy sentýabrda “Imperator köşgünde” imperator Naruhitonyň öňünde kasam kabul eder. Geçen aý saglyk meselelerine salgylanyp, işinden çekilýändigini... Читать дальше...
Media azatlygyna gözegçilik edýän guramalar eýranly garaşsyz žurnalist Khosro Sadeghi Borojeniniň türme tussaglygyna höküm edilmegini ýazgardy we ýurduň häkimiýetlerini metbugat agzalaryny eden-etdilikli tussag etmegi bes etmäge çagyrdy. Ştatdan daşary žurnalist Borojeni ýedi ýyllyk türme tussaglygyna başlamak üçin 9-njy sentýabrda Tähranyň “Ewin” türmesine äkidildi. Oňa "Yslam respublikasynyň esaslandyryjysyny kemsitmekde", "hökümete garşy propagandada" we "milli hem-de halkara howpsuzlygyna garşy... Читать дальше...
"Studentler öz ene-atalaryna telefon edip, kepilnamany tiz wagtda 'düzetmegi' we şu hepdäniň içinde poçta arkaly ugratmagy soraýarlar" diýip, habarçy aýdýar.