Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde ýerli ýaşaýjylar elektrik energiýasynyň hem-de tebigy gazyň üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýärler.
Mary welaýatynda karantin çäklendirmeleri bilen bagly bazarlaryň ençemesi ýapyklygyna galýan mahaly, maryly söwdagärleriň onlarçasy eklenç gözleginde, mundan 10 gün çemesi öň gaýtadan açylan Baýramaly şäheriniň uly bazarynda we onuň töwereginde rugsatsyz söwda edip başlady.
Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň habar berşi ýaly, şu hepde Türkmenistanda 2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda tussag edilen 48 ýaşly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýewe garşy gozgalan jenaýat işiniň diňlenjek güni bellendi.
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Litwada belarus oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa bilen duşuşandan soň, Belarusdaky syýasy krizisiň çözülmeginde Ýewropanyň kömegini wada berdi. “Araçylyga kömek etmek üçin ýewropalylar hökmünde elimizden gelenini ederis” diýip, Makron 29-njy sentýabrda Wilniusda Tihanowskaýa bilen duşuşandan soň, žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda belarus halkyna "pragmatiki" ýewropa goldawyny hem wada berdi. Ol Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyny... Читать дальше...
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almaga kömek etmek maksady bilen geljek aý Russiýanyň paýtagtynda meýilleşdirilýän mekdep dynç alşynyň ýene bir hepde uzaldyljakdygyny aýdýar. Sobýanin 29-njy sentýabrda ýaýradan maglumatynda okuwçylaryň 5-18-nji oktýabr aralygynda iki hepde okuwdan boşadyljakdygyny aýtdy we ene-atalary şol döwürde çagalarynyň öýde galmagyny üpjün etmäge çagyrdy. Adatça Russiýada bu dynç alyş diňe bir hepde dowam edýär. “Häzirki wagtda wirusa... Читать дальше...
Polşanyň häkimiýetleri “Yslam döwleti” terrorçylykly topar bilen arabaglanyşygy bolmakda we Polşada terrorçylyk hereketlerini gurnamak üçin polýaklary hem-de ukrain raýatlaryny işe almakda güman edilýän bäş täjik raýatyny ýurtdan deportasiýa etdi. 28-nji sentýabrda “Polşa radiosy” täjik raýatlarynyň dördüsiniň maý aýynda saklanandygyny, dekabr aýynda Polşadan gaçyp giden bäşinji şübheliniň bolsa, halkara terrorçylyga garşy guramalaryň kömegi bilen tussag edilendigini habar berdi. Polşanyň Içerki howpsuzlyk gullugynyň habaryna görä... Читать дальше...
Ermenistan we Azerbaýjan biri-birini agyr artilleriýa ulanmakda aýyplaýar. Bu waka ölüm howply duşmançylygy bes etmek barada halkara derejesinde çagyryşlar edilýärkä, jedelli Daglyk-Garabag regionynyň üstündäki söweşler tapgyr üçünji gün, 29-njy sentýabrda dowam edýän mahalyna gabat geldi. 29-njy sentýabrda Kawkaz sebitindäki iki döwletiň harby güýçleriniň arasyndaky soňky dartgynlylykda onlarça adamyň ölendigi habar berildi. Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni harbylarynyň Azerbaýjanyň Daşkesan sebitine hüjüm edendigini aýtdy... Читать дальше...
Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsi geçilen 800-den gowrak tussagyň arasynda üç özbek bendisi azatlyga goýberildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly Türkmenistandaky habarçysy habar berýär. "800-den gowrak tussag türmeden boşadyldy. Olaryň 3 sanysy daşary ýurtly, ýagny Özbegistan respublikasynyň raýatydyr. Olara COVID-19 testi geçirildi we soňra-da goýberildi" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 29-njy sentýabrda gürrüň berdi. Geçen hepde Türkmenistanyň... Читать дальше...