Türkmenistanyň resmi metbugaty ýurtda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişiniň şu aýyň başynda başlanandygyny habar beren bolsa-da, Lebap welaýatynyň ençeme obasynda bu işe heniz hem girişilmedi.
Türkmenistanda adamlaryň koronawirusdan ölmegi dowam edýär, olaryň arasynda resmiler hem bar. Bu aralykda ýurtda wirus keselleriniň öňüni almak boýunça çäreler ýene güýçlendirildi. Türkmenistanyň ýolbaşçysy bolsa saglyk işgärlerine goşmaça ýeňillikleri bermek kararyny yglan etdi.
Garaşsyzlyk baýramynyň we Halk maslahatynyň öňýanynda, Aşgabat şäheriniň bazarlarynda hem-de döwlet dükanlarynda arzan bahadan et satylyp başlandy. Bazar bahasyndan et satýan hususy söwdagärler söwda merkezlerinden çykaryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un 25-nji sentýabrda iki ýurduň jedelli deňiz serhediniň golaýynda öldürilen günorta koreýaly resminiň ölümi sebäpli ötünç sorady diýip, Günorta Koreýanyň resmileri aýtdy. Günorta Koreýa 24-nji sentýabrda Demirgazygy özüniň, görnüşinden, gaçmaga synanyşan döwlet gullukçylarynyň birini atyp öldürmekde we şu hepdäniň başynda Demirgazyk Koreýanyň suwlarynda gaýygy tapylanyndan soň, onuň jesedini ýakmaga synanyşmakda aýyplady. Seul Phenýany bu "wagşyçylykly hereket"... Читать дальше...
Ýewropaly we demirgazyk amerikaly kanun çykaryjylaryň ýüzlerçeçi Aleksandr Lukaşenka hat ýazyp, ondan syýasy tussaglaryň derhal boşadylmagyny talap etdi. Bu hat Belarusdaky demonstrantlaryň gazaply basylyp ýatyrylmagyna garşy bildirilýän gahar-gazabyň Günbatarda nähili giň ýaýrandygyny görkezýär. 29 ýurtdan 270 kanun çykaryjy Mariýa Kalesnikawanyň we onuň oppozisiýadaky Utgaşdyryjy geňeşdäki iki egindeşiniň tussag edilmeginden alada bildirdiler. Bu Geňeş Belarusda 9-njy awgustda geçirilen dawaly saýlawdan soň... Читать дальше...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary ýurduň baş kanunyna giriziljek nobatdaky üýtgetmeleri we goşmaçalary biragyzdan makullady. Ýurduň parlamenti bu kanuny dessine kabul etdi, prezident gol çekdi. 25-nji sentýabrda Türkmenistanda wideoaragatnaşyk arkaly Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlary agentligi habar berýär. Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar "Türkmenistanyň konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky" kanun taslamasyny makullady. Читать дальше...
Ýokary derejeli respublikanlar 24-nji sentýabrda prezident Donald Trampyň 3-nji noýabrda geçiriljek saýlawdan soň häkimiýetiň parahatçylykly geçişini kabul etmekden ýüz öwürmegine çakgan we berk garşylyk görkezdiler we amerikanlary kanun çykaryjylaryň netijäni kabul etjekdiklerine ynandyrdylar. Tramp 23-nji sentýabrda geçirilen metbugat ýygnagynda aýdan sözlerinde saýlawda ýeňilse, häkimiýeti parahatçylykly geçirmekden ýüz öwürmek bilen, iki partiýanyň wekilleriniň arasynda hem tolgunyşyk döretdi. Читать дальше...
“Amnesty International” guramasynyň 25-nji sentýabrda çap edilen täze hasabatynda Gyrgyzystanyň saglyk işgärleriniň köplenç wada berlen goşmaça aýlyk haklaryny bermezden, käte hatda aýlyklaryny azaldyp, COVID-19 pandemiýasy mahalynda “türmä çalymdaş” karantin şertlerinde uzak wagtlap işlemäge mejbur edilendigi aýdylýar. Resmi däl çeşmeleriň aýtmagyna görä, mart aýynyň ortalaryndan iýul aýynyň ahyryna çenli aralykda, wirus ýokuşmalarynyň iň ýokary derejelere çykan wagtynda, 40 saglyk işgäri wirus ýokuşmasyndan öldi. Читать дальше...