Belarusyň oppozisiýa lideri Mariýa Kalesnikawa suda beren arzasynda, şu hepdäniň başynda häkimiýetler ony zor bilen deportasiýa etjek bolanda, ýurduň howpsuzlyk işgärleriniň kellesine halta geýdirendigini we özüne ölüm haýbatyny atandygyny aýtdy Kalesnikawanyň aklawçysy Lýudmila Kazak 10-njy sentýabrda beren maglumatynda oppozisiýa wekiliniň tabşyran arzasynda häkimiýetlere, şol sanda Belarusyň KGB-sine garşy kanuny çäre görülmegini talap edendigini belledi. 38 ýaşly Kalesnikawa 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawyndan soň... Читать дальше...
Türkmenistan pandemiýa başlaly bäri daşary ýurtlarda galan raýatlaryny yzyna gaýtarmagyny dowam etdirýär. Ýurduna gaýdyp gelmek mümkinçiligine köpden bäri garaşan raýatlar gelenlerinden soň, iki hepdelik hökmany karantine ýerleşdirilýär. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we garaşsyz metbugat çeşmeleri türkmenistanlylaryň watanyna dolanmagyna hem karantindäki şertlere degişli jikme-jik maglumat berýärler. Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, daşary ýurtlarda... Читать дальше...
Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Balkanabat şäher prokuraturasynyň daşary ýurtlardaky aktiwistler bilen aragatnaşyk saklamakda güman edilip tussag edilen ýuristiň tussaglygyny we deslapky tussaghanada saklanmagyny resmileşdirendigini habar berýärler. Ýatlatsak, 5-nji sentýabr güni Balkanabat şäher polisiýasynyň Türkmenistanyň Nebitgaz ministrliginiň “Nebitdagnebit” bölüminiň ýuristi 48 ýaşly Pygamberdi Allaberdiýewi tussag edendigi barada beýanat ýaýradyldy. Bu beýanat Türkmen Helsinki fondunyň... Читать дальше...
"Şu gün örän agyr geçdi, edarada polisiýa işgäri galmady, ýa o geňeşlikdäki bankomat öňünde uruş-gykylyk bar, ýa bu ýerde adamlar oňşanok diýip, yzly-yzyna jaň geldi" diýip, polisiýa işgäri aýtdy.
Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Inguşystanyň prokurorlary sebitiň paýtagty Magasdaky kazyýetden oppozisiýa onlaýn habar beriş serişdesi “Fortanganyň” öňki redaktory Raşid Maisigowyň bikanun neşe dolaşygy bilen bagly aýyplamalar esasynda bäş ýyl azatlykdan mahrum edilmegini soradylar. Maisigow we onuň aklawçylary bu aýyplamalary ret edýärler. Maisigowyň aklawçysy Magomet Auşew 10-njy sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda hökümi we türme tussaglygyny yglan etmegiň senesiniň entek kesgitlenmändigini... Читать дальше...
Belarusyň oppozisiýa lideri Mariýa Kalesnikawa, şu hepdäniň başynda häkimiýetler ony zor bilen deportasiýa etjek bolanda, olaryň kellesine halta geýdirendigini we özüne ölüm haýbatyny atandygyny aýtdy. Bu barada Belarusyň “Tut.by” atly garaşsyz habar websaýty Kalesnikawanyň aklawçysyna salgylanyp, 10-njy sentýabrda habar berdi. Aklawçy Lýudmila Kazak Kalesnikawanyň bu waka barada arza tabşyrandygyny we häkimiýetlere, şol sanda Belarusyň KGB-sine garşy kanuny çäre görülmegini talap edendigini aýtdy. Читать дальше...
10-njy sentýabrda Eýranyň ýaragly güýçleri strategiki Hormuz bogazynyň golaýynda her ýyl geçirilýän üç günlük harby deňiz tälim-türgenleşigine başlady. Bu barada Eýranyň döwlet telewideniýesi habar berýär. Habarda türgenleşiklere ýurduň deňiz, howa hem-de gury ýer güýçleriniň gatnaşýandygy we onda suwasty gämileriň hem pilotsyz uçarlaryň ulanylýandygy aýdylýar. “Zolfaghar-99” diýlip atlandyrylýan ýyllyk tälim-türgenleşigiň komandiri admiral Habibollah Saýýari 9-njy sentýabrda eden çykyşynda munuň... Читать дальше...
Maryda Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen we biri-birinden habarsyz iki resmi bu ýagdaýyň sebäbini sebitdäki polisiýa işgärleriniň köpüsiniň Aşgabada iş saparyna iberilmegi bilen baglanyşdyrdy.