Lebap welaýatynda it penahanasyny gurmak üçin Farap etrabynyň mekdepleriniň, sport mekdepleriniň, saglyk öýleriniň, keselhanalaryň, polisiýa edarasynyň ähli işgärlerinden, aýlyklaryna görä, 200-500 manat aralygynda pul ýygnalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Soçi şäherine bardy. Iki lider geçen aý Lukaşenkanyň jedelli gaýtadan saýlanmagynyň yz ýany, onuň wezipeden çekilmegi talap edilip, geçirilýän demonstrasiýa tolkunyndan bäri ilkinji gezek ýüz-ýüze gepleşýär.
Türkmenistanyň banklary daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň okuw töleglerini ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) bank hasaplaryna öz wagtynda geçirip bermeýärler. Bu barada ene-atalaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi.
Koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmadyk Türkmenistanda COVID-19 bilen bagly howplaryň heniz hem ýitidigi, şeýle-de barha köp lukmanlaryň wirus alamatlary bilen keselhanalara ýerleşdirilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we saglyk pudagyndaky çeşmeleri maglumat berýärler.
Şweýsariýa we Özbegistan merhum prezident Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowanyň oňa garşy gozgalan jenaýat işi sebäpli ele salnan 130 million dollary Daşkende bermek barada ylalaşdylar. Şweýsariýanyň hökümeti 11-nji sentýabrda hökmany däl çarçuwaly şertnama laýyklykda yzyna gaýtarylan emläkleriň "Özbegistan halkynyň peýdasyna ulanyljakdygyny" aýtdy. Beýanatda aýdylyşyna görä, aç-açanlyk we gözegçilik mehanizminiň döredilmegi puluň gaýtarylyp berilmegi üçin talaplarynyň biridir. Karimowa... Читать дальше...
Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Soçi şäherine bardy. Bu duşuşyk geçen aýda Belarusda bolan jedelli saýlawlardan soň Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny talap edip geçirilýän demonstrasiýalar başlanaly bäri iki ýurduň prezidentleriniň arasyndaky ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşiklerdir. Lukaşenka “uly doganym” diýip atlandyran Putin bilen sentýabrda möhüm gepleşik geçirjegini aýdypdy. Belarusyň prezidenti halkyň garşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolan... Читать дальше...
Aşgabatda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Polisiýa paýtagtda ýaşaýanlaryň dokumentlerini we propiskasyny barlaýar. Welaýatlarda polisiýanyň işine ýangyn söndürijiler çekilýär. Bu barada Azatlygyň habarçylary aýdýarlar. Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar we aktiwistler bolsa, welaýat polisiýa işgärleriniň Aşgabatda ýygnanandygyny, gozgalaňlara garşy ulanylýan polisiýa bölümleriniň taýýarlanýandygyny we olaryň türgenleşdirilýändigini, şol sanda bolup biläýjek köpçülikleýin demonstrasiýalary ýatyrmak... Читать дальше...
Bütindünýä saglyk guramasy täze koronawirusyň ýaýramak depginine degişli gündelik sanynyň ýokarlanandygyny hasaba aldy. Dünýäde 24 sagadyň dowamynda ýene 307 930 adam keselläpdir. Bu, bir hepdäniň dowamynda bir güne degişli iň ýokary görkezijiden 1000 töweregi adam artyk. BSG 13-nji sentýabrda 24 sagadyň dowamynda 5500 töweregi täze ölümiň hasaba alnandygyny we ölenleriň jemi sanynyň 917 417 adama ýetendigini aýdýar. Kesel ýokaşmasy iň köp ýüze çykan ýurtlar Hindistan, ABŞ we Braziliýa. Geçen... Читать дальше...
Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň iki ýarany deslapky netijelere görä, Sibiriň Tomsk şäherinde ýerli parlamentdäki orunlara eýe boldular. 14-nji sentýabrda ýaýradylan netijelerde häkimiýet başyndaky "Ýedinaýa Rossiýa" partiýasynyň tutuş ýurt boýunça dürli regionlardaky ýerli saýlawlarda köpçülikleýin ýeňiş gazanandygyny yglan edildi. Ksenia Fadeýewanyň we Andreý Fateýewiň Tomsk şäheriniň iki saýlaw okrugynda öňe saýlanmagy geçen aýda Nawalnynyň birden kesellemeginiň yzýanyna gabat geldi.... Читать дальше...