Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Nobatdaky ýyl dönümi bilen baglylykda, Türkmenistanyň resmi metbugatynda ýatlanmaýan Dählibaba gyrgynçylygy barada Azatlygyň arhiwinden alnan söhbetdeşligimizi, Demirgazyk Owganystanda barýan uruşlar we ýerli türkmenleriň ýüzbe-ýüz bolan içerki bosgunlygy baradaky maglumatlarymyzy diňlemäge we öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi we anonimlik şertinde gürleşen mugallymlar çagalaryna rus dilinde okatmak isleýän ene-atalaryň, rus dilli klaslaryň azlygy sebäpli, her çaga üçin 1-2 müň dollar möçberinde para bermäge mejbur bolýandyklary barada garaşsyz neşirlerde çykan maglumatlary tassyk etdi.
Türkmenistanda ýurduň Baş kanunyna täze üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek ugrundaky işler dowam etdirilýär. Mejlisiň başlygy 4-nji sentýabrda Halk maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berip, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” Konstitusion kanunyň taslamasynyň üstünde işlenýändigini aýtdy. Gülşat Mämmedowanyň anyklaşdyrmazdan tassyklamagyna görä, “gelip gowşan teklipleriň ählisine iş toparynyň mejlislerinde jikme-jik seredilýär”. Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi. Döwlet baştutany 4-nji sentýabrda geçirilen mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň “hemmeler üçin gyzykly we peýdaly boljakdygyna” umyt bildirdi. TDH prezidentiň wise-premýerler P.Agamyradowa, M.Mämmedowa, Ç.Amanowa ýüzlenip, olaryň Halk maslahatyna çenli galan döwrüň içinde bu kitabyň tanyşdyryş çäresini geçirip biljekdiklerini aýdandygyny habar berýär. Читать дальше...
30 ýaşly täjik aklawçysy 11-nji oktýabrda geçiriljek saýlawda prezidentlige dalaş etmek niýetini yglan edenden soň howpsuzlyk işgärleri tarapyndan sorag edildi. Milli howpsuzlyk komitetiniň sebit edarasynyň birnäçe işgäri 4-nji sentýabrda Faromuz Irgaşewiň gündogar Horug şäherindäki öýüne geldi. Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň "Amerikanyň sesi" (VOA) bilen hyzmatdaşlykda rus dilinde gepleşik taýýarlaýan “Häzirki zaman” telekanaly aklawçynyň maşgalasyna salgylanyp, howpsuzlyk işgärleriniň ony... Читать дальше...
Rus alymlary awgust aýynda rus hökümeti tarapyndan uly şowhun astynda tassyklanan “Sputnik V” koronawirus sanjymynyň irki synaglarynyň netijelerini çap etdiler. Bu netijeler Angliýanyň “The Lancet” saglyk žurnalynyň 4-nji sentýabrda çykan sanynda çap edildi we onda irki synaglara gatnaşan näsaglaryň “çynlakaý oňaýsyz täsirleri” bolmadyk beden garşylygyny döredendigi aýdylýar. Orsýet, öňünden hiç hili maglumat çap etmezden, 11-nji awgustda bu sanjymyň ýurt içinde ulanylmagyny tassyklan ilkinji ýurt boldy. Читать дальше...