Ýekşenbe güni Orsýetiň 41 sebitinde dürli derejedäki saýlawlar geçirilýär. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, bu ses berişlikler 2021-nji ýylda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda barha meşhurlygy peselýän dolandyryjy “Bitewi Orsýet” partiýasy üçin aýgytly synag bolar.
13-nji sentýabrdaky ýeke günlük göni saýlawlarda 18 sebitde gubernatorlar, 11 sebitde sebit mejlisiniň agzalary, 22 dolandyryş merkezinde şäher kanun çykaryjy mejlisleriniň agzalary saýlanar.
Mundan başga, bir mandatly dört saýlaw okrugynda Döwlet dumasynyň deputatlarynyň goşmaça saýlawlary geçiriler. 11-nji we 12-nji sentýabrda koronawirus sebäpli girizilen karantin çäklendirmeleri astynda irki ses berişlik geçirildi.
Awtoritar prezident Wladimir Putiniň tankytçylary saýlaw netijelerini dolandyryjy “Bitewi Orsýet” partiýasynyň peýdasyna galplaşdyrmak synanyşygynyň edilýändigini aýdýarlar.
Garaşsyz saýlaw gözegçilik topary “Golos” iýul aýynda çap eden hasabatynda deputatlaryň pandemiýany saýlawlary "has-da aýdyňlaşdyrmazlyk we manipulýasiýa tabyn" etmek üçin bahana hökmünde ulanandygyny aýtdy.
Hasabatda "sentýabrdaky saýlawlary üçin kanuny şertleriň soňky 25 ýylda iň erbet boljakdygy" baradaky netijä gelindi.
Sebitleriň köpüsinde “Bitewi Orsýete” degişli bolmadyk kandidatlar saýlawdan aýryldy we oppozisiýa kandidatlaryna we işgärlerine hüjüm edildi.