Britaniýanyň “The Economist Intelligence Unit” barlag merkezi dünýä ýurtlarynyň demokratiýa görkezijileri boýunça ýyllyk indeksini çap etdi, onda dünýäniň 167 ýurdunyň hökümet dolandyryşyndakydemokratiýa derejelerine baha, reýting berilýär.
Internetde peýda bolan wideoda görnüşine görä, Eýranda bir ýolagçy uçary gonuş çyzygyndan sürtülip durandan soňra, onuň bortundaky ýolagçylar ewakuasiýa edilýär. Kaspi howaýollaryna degişli uçaryň bortundaky 135 ýolagçynyň hiç birine şikesiň ýetmändigi aýdylýar. Hadysanyň 27-nji ýanwarda Eýranyň günorta-günbataryndkay Mahşahr şäherinde ýüze çykandygy habar berilýär. Uçar Tähranyň Mehrabad aeroportyndan howa galypdyr.
Türkmenistanda zir-zibil dörýän adamlar baradaky maglumatlaryň köpelmeginiň fonunda, Aşgabatda çelekdäki zir-zibilleriň eýeçiliginiň özüne degişlidigini öňe sürüp, olara resmi däl ýagdaýda garawullyk edýän adamlaryň peýda bolandygy aýdylýar.
Owganystanyň merkezi Ghazni welaýatynda ýolagçy uçar heläkçilige uçrady diýip resmiler aýdýarlar. Adam pidalary barada dessine habar berilmedi. Welaýatyň häkimi Wahidullah Kalimzaýiň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Owganystanyň Ariana milli awiakompaniýasyna degişli uçar 83 adamy alyp barýardy. Döwlete degişli awiakompaniýa Facebook ulgamyndaky maglumatynda özüne degişli uçaryň heläkçilige uçrandygy baradaky habarlary ret etdi. "Uçar heläkçiligi boldy, emma ol Ariana degişli däl, sebäbi Ariana... Читать дальше...
Şu günler Mary şäheriniň “Döwletenergogözegçilik” edarasynyň işgärleri hojalyklara aýlanyp, 2019-njy ýyl üçin elektrik töleglerini tölemedik ýaşaýjylaryň toklaryny kesýärler.
Eýranyň ýygyndy topary 2020-nji ýyl boýunça gyzlaryň arasynda futzal boýunça geçýän CAFA çempionatynda Türkmenistanyň komandasyndan 12:0 hasap bilen üstün çykdy. Bu barada Eýranyň "Mehr" (MNA) agentligi habar berýär. 24-29-njy ýanwar aralygynda Duşenbede geçýän regional sport çäresine Eýran, Gyrgyzystan, Owganystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan gatnaşýar. Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasy (CAFA) Merkezi Aziýa regionynyň futbol bileleşigi bolup durýar. Eýranyň mediasy öz ýurdunyň... Читать дальше...
Pakistanyň polisiýasy ýurduň demirgazyk-günbataryndaky tire-taýpalar regionynda alnyp barylýan harby operasiýalary tankyt eden raýat azatlyklary boýunça toparyň liderini tussag etdi. Polisiýanyň 27-nji ýanwarda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, "Paştunlary goraýjy hereketiň" (PTM) lideri Manzoor Paşteen gije Peşawar şäherinde ofiserler tarapyndan alnyp gidilipdir. Munuň öňüsyrasynda PTM partiýasynyň lideri babatynda toparyň 12-nji ýanwarda Bannu şäherinde guramalaşdyran ýörişi sebäpli iş gozgalypdy.... Читать дальше...
Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanyň häkimiýetleri güýçli şemal we gar bilen şäheri örten tupan sebäpli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdiler. 27-nji ýanwarda Nur-Sultana barýan transport ýollary petiklendi, paýtagtyň mekdepleri ýapyklygyna galýar. Nur-Sultanyň halkara aeroportunyň metbugat wekili Ženis Ahmetžanow howpsuzlyk sebäpli ähli uçar reýsleriniň belli bolmadyk wagt möhletli ýatyrylandygyny žurnalistlere aýtdy. Nur-Sultanyň adatdan daşary gullugy şäheriň ýaşaýjylaryny adatdan daşary ýagdaý... Читать дальше...
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça öňki geňeşçisi Jon Bolton özüniň entek çap edilmedik kitabynda prezident Donald Trampyň öz syýasy garşydaşlary barada derňew geçirmedik ýagdaýynda Ukraina üçin kömegi doňdurmak isländigini öňe sürdi. Bu barada "The New York Times" neşri habar berýär. 26-njy ýanwarda çap bolan maglumata görä, Bolton öz kitabynda Trampyň Ukrainanyň özüne garşydaşlary, şol sanda öňki wise prezident Joe Biden we onuň ogly barada derňewler bilen kömek berýänçä bu ýurda howpsuzlyk üçin... Читать дальше...
Hytaýyň häkimiýetleri täze koronawirusyň ýaýramak ukybynyň barha artýandygyny we kesellän adamlaryň köpelip biljekdigini aýdýarlar. Soňky sanlara görä, wirus 2 700 adama ýokaşypdyr, 80-den gowrak adam ýogalypdyr. Hytaýyň saglyk ministri Ma Ksiaowei ýurduň "aýgytly çäkden" geçendigini we "wirusyň ýaýramak ukybynyň güýçlenýändigine meňzeýändigini" 26-njy ýanwarda aýtdy. Hytaý resmisi syýahatçylyk babatyndaky we beýleki çäklendirmeleriň "az ýitgili we has tiz" netijeleri bermelidigini belledi.... Читать дальше...