Şu günler Marynyň orta mekdepleriniň gyşky dynç alyşdaky ýokary klas okuwçylary soňky wagtlarda okuwa barman hojalygyň maddy ýagdaýyna kömek bermek üçin dürli işlerde zähmet çekýärler.
Yragyň ýaragly güýçleriniň 1-nji ýanwardaky beýanaty Halk jemleniş güýçleriniň birleşdiriji toparynyň öz tarapdarlaryny ol ýerden çykmaga çagyrmagynyň yz ýanyndan edildi.
27-nji dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli Aşgabadyň “Mizan” täjirçilik merkezinde guralan döredijilik dabarasyna gatnaşdy.
Orsýetiň ul.pressa.ru neşri täze ýylyň öňüsyrasynda Ulýanowsk regionynda türkmenistanly studentiň umumy ýaşaýyş jaýynda öz watandaşyny pyçaklap öldürendigini habar berdi. 29-njy dekabrda Ulýanowskyň agrar uniwersitetiniň Oktýabrsk obasyndaky umumy ýaşaýyş jaýynda 1-nji kursuň 22 ýaşly studenti öz kursdaşyna pyçakly hüjüm etdi. Ýaralardan ejir çeken şol ýerde ýogaldy. Hüjümçi ele salyndy. Jenaýat işi gozgalyp, deslapky derňew barlaglary geçirilýär diýip, neşir Ulýanowsk regionynyň derňew organlaryna salgylanyp, 30-njy dekabrda habar berdi. Читать дальше...
“Daşary ýurtdan import edilen we ozal 18 manatdan bolan towuk butlary döwlet dükanlarynda 30 manatdan we ondan ýokary bahalardan satyldy” diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berdi.
Ukrainanyň Russiýa tarapyndan okupirlenen Krym ýarymadasynda saklanyp galan ýeke-täk ukrain mekdebinde gündogar slaw dilinde bilim berilmeýär diýip, Krym Tatarlarynyň Merkeziniň başlygy Eskender Bariýew 1-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. 2014-nji ýylda rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainanyň territoriýasyny basyp almak barada buýruk bermezinden öň, Krymda ukrain dilinde bilim berýän ýedi mekdep bardy. “Kagyz ýüzünde, anneksiýadan bäş ýyl soň, Krymyň Feodosiýa şäherinde ýeke-täk ukrain mekdebi hasaba alyndy. Читать дальше...
Garadagda dini emläkler baradaky kanuna garşy protestler dowam etdi. Bu kanuna Serbiýanyň Prawoslaw Kilisesi we Russiýa garşy çykýar. 1-nji ýanwarda ençeme müň demonstrant paýtagt Podgorisada ýöriş geçirdi. Olar bu kanunyň netijesinde döwletde Serb Prawoslaw Kilisesine degişli emläkleri ele geçirmek üçin mümkinçilik döreýändigini aýdýarlar. Garadagyň hökümeti bu aýyplamalary ret edýär. Kanunçylyga laýyklykda, dini jemgyýetler 1918-nji ýyldan owalky edinen emläkleriniň çeşmesini görkezmäge borçly edilýär. Читать дальше...
Yrakda Eýranyň tarapynda çykyş edýän ýarym-harby topar ABŞ-nyň Bagdaddaky ilçihanasynyň daşyndan yza çekildi. Bu barada Yragyň harbylary 1-nji ýanwarda maglumat berdiler. Mundan bir gün öň, mähelle ilçihana hüjüm edipdi. Esasan şaýy milisiýa wekillerinden düzülen ýarym-harby topar, ABŞ-nyň geçen hepde Yrakdaky amala aşyran howa zarbalaryna jogap edip, Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň golaýynda gahar-gazaply protestleri gurnapdy. 31-nji dekabrda mähelle tekerleri hem otlap, ilçihananyň daşky perimitrine golaýdy. Читать дальше...
Türkmenistanda 2020-nji ýylyň başlanýan güni ilkinji dünýä inen bäbegiň ene-atasyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy diýip, TDH gullugy maglumat berýär. Resmi media bäbege Mekan diýlip at goýlandygy, şeýle-de onuň agramy, boýy barada maglumat berdi. Bäbek Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde dünýä inipdir. Türkmen hökümeti ýurtda döwrebap lukmançylyk we sagaldyş merkezleriniň gurulýandygyny yzygiderli habar berse-de, saglygy goraýyş... Читать дальше...
Eýranyň demirgazyk-gündogar, Owganystan bilen serhediniň golaýynda aram derejede ýer titreme boldy. Adam ýitgileri we weýrançylyk barada bada-bat maglumat berilmedi. Eýranyň döwlet telewideniýesiniň 2-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, ilaty 10 müň töweregi bolan Sagnan şäherinde 5.8 bal derejesinde ýer sarsgyny ýüze çykypdyr. “Häzirki pursat ýitgiler barada maglumatlar ýok. Emma, sebitiň uly bölegine täsir ýetdi. Biziň derňew toparlarymyz ol ýerde iş geçirýärler” diýip, adatdan daşary ýagdaýlar... Читать дальше...