Eýran ozalky pozisiýasyndan biraz yza çekilip, ABŞ-nyň hadysa-derňewi agentligini we beýleki halkara ekspertlerini Tähranyň golaýynda bolan uçar hadysasynyň derňewine kömek etmäge çagyrandygyny aýdýar.
Günorta-gündogar Owganystanyň Nangarhar welaýaty ‘Yslam döwleti’ diýilýän toparyň merkezi hasaplanýardy. Soňky döwürde ol welaýatdaky Talyp hereketi bilen ‘YD’ toparyň arasynda çaknyşyklar ýüze çykdy.
Mary şäherinde ýaş çagalary üçin döwletden pul kömegini alýan ýaşaýjylar bank hasaplaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmakda kösenýär.
Aşgabatda pensiýa we döwlet kömek pulyny alýan raýatlardan täze resminamalaryň ençemesini tabşyrmak talap edilýär. Bu resminamalary ýanwaryň ahyryna çenli tabşyrmadyk raýatlaryň pensiýa we kömek pullarynyň bank kartlaryna geçirilmejekdigi duýdurylýar.
Lebapda polisiýa işgärleri Türkiýede bikanun ýaşaýan lebaply raýatlaryň Türkmenistandaky maşgalalaryndan olaryň ýurda dolanmagyny talap edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 9-njy ýanwarda habar berdi.
Türkiýäniň Stambul şäherinde bir özbegi öldürmekde we başga-da bir türkmen raýatyny agyr ýaralamakda güman edilýän iki türkmenistanly tussag edildi. Bu barada Türkiýäniň media serişdeleri habar berýärler.
Aşgabatda pensiýa we döwlet kömek puluny alýan raýatlardan täze resminamalaryň ençemesini tabşyrmak talap edilýär. Bu resminamalary ýanwaryň ahyryna çenli tabşyrmadyk raýatlaryň pensiýa we kömek pullarynyň bank kartlaryna geçirilmejekdigi duýdurylýar.
Türkmenistanyň gowgaly owgan topraklarynyň üstünden Pakistana we Hindistana gaz ibermek planlarytürkmen gazynyň mümkin bolan alyjylara satyljak nyrhy bilen baglylykda täze kynçylyklara uçraýar.
Tähran Birleşen Ştatlaryň goňşy Yrakda ýerleşýän harby bazalaryna ballistik raketa hüjümini edeninden soň öz goranyş başlygynyň bu hüjüm barada doly hasabatyny diňlän ABŞ prezidenti Donald Tramp Eýran “yza tesene meňzeýär” diýdi.
Ýewropa Bileleşigi we Belarus belarus raýatlarynyň EB ýurtlarynyň köpüsine girmegini aňsatlaşdyrjak we arzanlatjak iki ylalaşyga gol çekdi. Belarusda 8-nji ýanwarda gol çekilen wiza ýeňilligi we gaýtadan kabul ediş missiýasy şertnamalary “ÝB-Belrus gatnaşyklaryndaky möhüm ädim boldy we raýatlaryň hereket mümkinçiligini gowulandyrmaga ýol açar” diýip, Ýewopa Geňeşiniň beýanatynda aýdylýar. Bu ylalaşyklar güýje girende, wiza tölegi 35 ewro ýa-da 39 dollara çenli azalar, konsullyklaryň wiza bermek kararyna gelmek möhleti gysgalar diýip... Читать дальше...
Ukrain howa ýollarynyň Tähranyň günorta-günbatarynda ýykylan we bortundaky 176 adamy öldüren uçary, Eýranyň Raýat awiasiýasy guramasynyň 9-njy ýanwarda çap eden deslapky hasabatyna görä, ýykylmazyndan öň ot alypdyr. Ukrainanyň halkara howa ýollarynyň “Boeing 737-800”8-nji ýanwarda Kiýewe ugranda, Tähranyň Ymam Homeýni aeroportundan asmana göterilenden gysga wagt soň heläkçilige uçrady. Hasabatda uçary ýerden we geçip barýan uçardan gözi bilen gören şaýatlaryň beren görkezmelerine esaslanyp,... Читать дальше...
Kanun çykaryjylaryň köpüsi özleriniň Ak tamyň ýokary derejeli eýran generalynyň nyşana alnyp öldürilmegi baradaky düşündirişinden kanagatlanmadygyny aýdandan soň, ABŞ-nyň Wekiller öýi prezident Donald Trampyň Eýrana garşy harby çäre görmek ukybyny çäklendirmegi sese goýmagy planlaşdyrýar. Spiker Nancy Pelosi harby ygtyýarlyklar rezolýusiýasy baradaky ses berişligiň 9-njy ýanwarda boljakdygyny, “Kongres agzalarynyň adminstrasiýanyň Eýrana garşy duşmançylykly herekete geçmek karary we bu meselede strategiýasynyň bolmazlygy babatda çynlakaý... Читать дальше...
Gazagystanyň günortasyndaky Türkistan şäheriniň sudy žurnalist Amangeldi Batyrbekowy aklady, ol sentýabrda töhmet aýyplamalary esasynda iki ýyl üç aý türme tussaglygyna höküm edilipdi. Türkistan regional sudunyň sudýasy Taubai Kadyrbaýew 9-njy ýanwarda Batyrbekowyň şikaýat arzasyny kabul etdi we onuň derhal tussaghanadan boşadylmagy barada karar çykardy. Şeýle-de sudýa žurnalistden “döwletiň we suduň adyndan” ötünç sorady. Batyrbekow suduň jaýyndan azat adam bolup çykdy we onuň goldawçylary “Uzak ýaşa... Читать дальше...