Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistandaky ‘ýer reformasy’ we daýhanlaryň ýer almakdan çekinmeginiň sebäpleri, erkek milliarderleriň köpelýän wagtynda aýal-gyzlaryň gerdenine düşýän agyr ýük, owgan türkmenleriniň arap hatynda elipbiý döretmek meselesindäki oňuşmazlygy barada geçiren söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Goçmyrat Myradow 24-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa 2022-njy ýylda geçiriljek ilat ýazuwyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.
Kreml prezident Wladimir Putiniň esasy we uzak wagtlyk kömekçileriniň biriniň işden çekilendigi baradaky habarlary ret etdi. Wladislaw Surkowyň işden çekilendigini onuň bir kömekçisi we Moskwanyň Syýasy barlaglar merkeziniň direktory Alekseý Çesnakow habar berdi. Çesnakow 25-nji ýanwarda twitterde Surkow “Ukraina babatdaky ugruň üýtgeýändigi sebäpli” işden çekilýär diýdi. Emma muňa garamazdan, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow häzirlikçe Surkowyň işden çekilýändigi hakynda karar ýok diýdi. Şeýle-de... Читать дальше...
Türkiýäniň gündogaryndaky Elazig welaýatynda güýçli ýer yranmasy bolup, jaýlaryň ýykylmagyna we azyndan 21 adamyň ölmegine sebäp boldy, müňden gowrak adam bolsa ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar. Agşam sagat 9-yň öňüsyrasynda duýlan ýer sarsgynyň güýji Rihter ölçegi boýunça 6.8 bolup, onuň ojagy Siwriçe şäheriniň golaýynda diýip, hökümete degişli adatdan daşary ýagdaýlar agentligi 24-nji ýanwarda aýtdy. Şondan soň hem birnäçe sarsgyn boldy. Siwriçe paýtagt Ankaradan 750 km çemesi uzaklykda ýerleşýär. Читать дальше...
Hytaýyň Wuhan koronawirusyndan ölenleriň we onuň ýokuşan adamlarynyň sany kesgin ýokarlanýar we şu aralykda Fransiýa, Awstraliýa ýaly giň ýaýrawly ýurtlar bu täze wirusa ýolugan ilkinji näsaglary barada habar berdiler. Emele gelen ýagdaý dünýä ýurtlarynyň häkimiýetleriniň bu epidemiýanyň öňüni almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdi. Hytaý 25-nji ýanwarda bu wirusdan azyndan 41 adamyň ölendigini, ýurduň 29 welaýatynda azyndan 1287 adamyň bu derde ýolugandygyny habar berdi. Şol bir wagtda... Читать дальше...
Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka Moskwany öz ýurduny Orsýete birikdirmek üçin basyş görkezmekde aýyplady we özüniň muňa hiç wagt ýol bermejekdigini aýtdy. Lukaşenka 24-nji ýanwarda Belarusyň günortasyndaky kagyz zawodynyň işçileriniň öňünde çykyp gürlände, ýurduň esasy arzan nebit-gazynyň üpjünçisi bolan Orsýeti tankytlap, Kremli Minskiniň nebite garaşlylygyny ulanyp, ony Orsýete “birigmäge" mejbur etjek bolmakda ýazgardy. “Biziň öz ýurdumyz bar, biz özbaşdak we garaşsyz ýurt. Biz öz... Читать дальше...
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew merkezi aziýa ýurduna 1995-nji ýyldan öň göçüp gelen we şu wagta çenli bu ýerde ýaşaýan adamlara raýatlyk bermek wadasyny berdi. Mirziýoýew 24-nji ýanwarda parlamentde eden çykyşynda bu çäräniň Özbegistanda ýaşaýan 50 müň çemesi adamyň raýatlyk meselesini çözjekdigini aýtdy. Ol bu meseläni öwrenmegi we 1-nji maýa çenli onuň kanuny esaslaryny taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle-de ol ýurduň içerki migrasiýa düzgünlerini liberallaşdyrmak, sowet döwründen bäri gelýän çäklendirmeleri aradan aýryp... Читать дальше...
Britaniýanyň “The Economist Intelligence Unit” barlag merkezi dünýä ýurtlarynyň demokratiýa görkezijileri boýunça ýyllyk indeksini çap etdi, onda dünýäniň 167 ýurdunyň hökümet dolandyryşyndakydemokratiýa derejelerine baha, reýting berilýär.