Hökümet başlygy ýurtda gurlan we gurulýan “döwrebap senagat kärhanalaryna, döredilýän täze pudaklara sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary hünärli hünärmenleriň gerekdigini” aýdyp, ýurtda “tutuş hünär taýýarlygy ulgamyny kämilleşdirmek” zerurlygyny boýun aldy.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň kakasynyň aýal dogany öz adamsy dönüklikde aýyplanyp, jezalandyrylyp öldürilenden alty ýyl soň ilkinji gezek köpçülikde göründi. Döwlet mediasy 25-nji ýanwarda Kim Kyong Huýiň Phenýanda bir konsert zalynda Kimiň we onuň aýaly Ri Sol Juýiň ýanynda oturan suratlaryny çap etdi. 73 ýaşyndaky Kim Kyong Huý bir zaman, Demirgazyk Koreýanyň merhum lideri Kim Jong Iliň, häzirki lideriň kakasynyň ýalňyz aýal dogany hökmünde, ýurtdaky iň täsirli adamlaryň biri hasaplanýardy. Читать дальше...
“Washington Post” gazetiniň synçysy Jamal Haşogginiň öldürilişine we Saud Arabystanynyň hökümetiniň bu işi derňeýşiniň jikme-jikliklerine bagyşlanan täze dokumental film ABŞ-daky kino festiwalyna gatnaşýar. 25-nji ýanwarda Ýuta ştatynda görkezilen “Dissident” (The Dissident) filmi Park-sitidäki Sandans (Sundance) kino festiwalyna gatnaşyjalara hödürlenen iň ýokary derejeli eserleriň biri boldy. Braýan Fogeliň (Bryan Fogel) bu eseri onuň Oskar baýragyny utan Ikar filminden soň düşüren ilkinji kinosydy. Читать дальше...
Hytaýyň prezidenti, barha köp adam öldürýän we köp adama ýokuşýan koronawirusyň çalasyn ýaýramagy bilen, ýagdaýyň “agyrdygyny” aýtdy. Dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem bu kesele ýoluganlaryň gözlegi dowam etdirilýär. Prezident Si Jinping 25-nji ýanwarda Kommunistik partiýanyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda “Hytaý täze koronawirusyň ýaýramagynyň güýçlenmegi netijesinde agyr ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy” diýdi. Bu wirusyň häzire çenli ýurtda azyndan 56 adamy öldürendigi, 1975 adama bolsa ýokuşandygy aýdylýar. Читать дальше...
Türk häkimiýetleri güýçli ýer titremesinde ölenleriň sanynyň 31 adama ýetendigini aýtdylar, prezident adamlary ýurt bu hili hadysa taýýar däldi diýýänleriň islendik “propagandasyna” baş galdyrmazlyga çagyrdy. Halas ediş işgärleri 26-njy ýanwar güni irden hem ýykylan binalaryň harabalarynyň aşagynda galan adamlary gözlemek işlerini dowam etdirdiler. Häkimiýetler 24-nji ýanwarda Rihter ölçegleri boýunça 6,5 – 6,8 kuwwatlygynda bolan sarsgyn netijesinde 1243 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar. ... Читать дальше...
Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen halk ertekileri, olaryň many-mazmuny, elýeterliligi we täsir-güýji baradaky söhbetdeşliklere gönükdirilýär.