Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Январь
2020

Новости за 22.01.2020

Azathabar.com 

Baturin: Russiýa türkmenistanly kosmonawty türgenleşdirmäge taýýar

Russiýa Türkmenistana kosmosa ibermek üçin öz astronawtyny türgenleşdirmäge hemaýat bermäge taýýar diýip, Russiýanyň Siolkowskiý adyndaky kosmonawtika akademiýasynyň wise-prezidenti, lýotçik-kosmonawt Ýuriý Baturin aýtdy. “RIA Nowosti” habarlar gullugynyň 21-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, Baturin bu barada Aşgabada eden saparynyň çäklerinde aýdypdyr. Baturin rus tarapynyň belli ugurlar boýunça, şol sanda dürli ýokary okuw jaýlarynda we kafedralarda hünärmenleri taýýarlap biljekdigini belläpdir. Читать дальше...

Azathabar.com 

Mumbaýda türkmenistanly iki gyz mejbury ten söwdasyndan halas edildi

Hindistanyň Mumbaý şäherinde polisiýanyň myhmanhanalaryň birinde geçiren reýdiniň netijesinde üç aýal maşgala, şol sanda türkmenistanly iki student gyz mejbury ten söwdasyndan halas edildi. Mumbaý polisiýasynyň jenaýat agtaryş bölüminiň sosial hyzmat edarasynyň maglumatyna görä, Bolliwudyň önümçilik menejeri we aktýorlary saýlap-alyş direktory aýal maşgalalary kino pudagynda işe ýerleşdirmek wadasy bilen, olary jelepçilige iteklemekde aýyplanýarlar. Media maglumatlaryna görä, myhmanhananyň müşderileriniň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Hytaý täze wirusyň ýaýrap başlan sebitine barmazlygy duýdurýar

Hytaý resmileri ölüm howply wirusyň ýaýrap başlan sebiti bolan Wuhana barmazlygy we ondan daşary çykmazlygy duýdurdy. Hytaýyň 13 welaýatynda täze raspirator wirusyna 440 adam ýolugdy, şeýle-de ol sebäpli dokuz adam heläk boldy diýip, ýurduň Milli Saglyk Komissiýasy 21-nji ýanwarda maglumat berdi. “Umuman, Wuhana gitmäň. Wuhandakylar siz hem şäherden çykmaň” diýip, komissiýanyň direktorynyň başlygy Li Bin 22-nji ýanwarda aýtdy. Li 11 million ilaty bolan şähere jandarlaryň hem goýberilmeýändigini aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Şweýsar polisiýasy iki russiýalyny içaly bolmakda güman edýär

Şweýsariýanyň polisiýasy mundan bäş aý ozal Dawosda sorag eden iki russiýalynyň aslynda rus aňtaw agentleri bolandygyny çaklaýar diýip, Tages-Anzeiger şweýsar gazetinde 21-nji ýanwarda çap edilen giňişleýin hasabatda aýdylýar. Maglumata görä, ellerinde diplomatiki pasportlary bolan şahsyýetler Russiýanyň içalyçylyk operasiýasynyň başlangyç tapgyrynda ekenler. Russiýanyň Berndäki ilçihanasy şweýsar gazetiniň, 21-nji ýanwarda başlanan Bütindünýä Ykdysady Forumyna gabatlap, “boş ýerden gohy turuzmaga” synanyşýandygyny BBC gullugyna aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Russiýanyň täze hökümetiniň düzüminde Lawrow, Şoýgu wezipelerinde galdyryldy

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurduň täze hökümetini belläp, onuň düzüminde esasy resmileri, şol sanda daşary işler we goranmak ministrlerini öz wezipelerinde galdyrdy. Bu Putiniň ýurduň konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmegi teklip etmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Reformalaryň netijesinde, 67 ýaşyndaky ozalky KGB ofiseriniň dördünji prezidentlik möhleti tamamlandan, ýagny 2024-nji ýyldan hem soňra häkimiýet başynda galmagyna mümkinçiligiň döreýändigi barada çaklamalar orta atyldy. Putiniň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Lukaşenka: Russiýa gazak nebitini Belarusa akdyrmaýar

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka Russiýanyň, Moskwa bilen tariffleriň üstündäki dawanyň arasynda, gazak nebitini öz üstünden Belarusa geçirmeýändigini aýtdy. Lukaşenka 21-nji ýanwarda Minskde nebit ekspertleri bilen geçiren duşuşygynda belarus ykdysadyýetiniň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlarynyň “has hem çylşyrymlaşýandygyny” aýtdy. “Bu geň, biziň ýaranymyz beýleki ýaranymyzyň nebitini bize akdyrmaýar. Bu nebit pudagyndaky  täsin bir ýagdaý, biz muňa çäre tapmaly bolarys” diýip, Lukaşenka aýtdy. Читать дальше...





Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus