Dünýäniň onlarça döwletiniň liderleri we hökümet baştutanlary Auşwitz, ýagny Oswensim konsentrasiýa lageriniň azat edilmeginiň 75-nji ýyl dönümine gabatlap Ierusalime ýygnandylar.
Bütindünýä Holokost Forumyna gatnaşmak üçin gelen dünýäniň 40 töweregi ýokary derejeli wekilleriniň arasynda: rus prezidenti Wladimir Putin, fransuz prezidenti Emmanuel Makron, britan şazadasy Çarlz (Charles), ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pense (Mike Pence), şeýle-de Germaniýanyň, Italiýanyň we Awstriýanyň prezidentleri dagy hem bar. Читать дальше...