Birleşen Ştatlaryň geçen hepdedäki howa zarbasynda ölen, “Kuds” güýçleriniň komandiri Eýranyň harby lideri Kasym Süleýmaniniň giňişleýin tutulan jynaza çäresi Tährana Amerika bilen dartgynlygyň barha artýan mahalynda baryp gowuşdy.
Lebapda özleriniň diridigini subut etmedik raýatlaryň dekabr aýy üçin pensiýa we döwlet kömek pullary olaryň bank hasaplaryna geçirilmedi diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, şu günler Mary welaýatynyň oba ýaşaýjylary çagalary bilen bilelikde, tutuş maşgala bolup pagtanyň guran çöplerini ýygnamaga mejbur bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Täze ýylyň öňýanyndaky elýeterli bahalary berk döwlet gözegçilinde kesgitlenen miwe önümleri Teke bazarda ýene-de erkin bahadan satylyp başlandy. Döwlet azyk harytlaryň satyjylar tarapyndan kesgitlenen täze bahalaryna gatyşmaýar
Mary şäherinde polisiýa işgärleri kiçi hususy dükanlara aýlanyp, satlyk iýmit önümleriniň ýaramlylyk möhletini barlaýar.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, şu günler Mary welaýatynyň oba ýaşaýjylary çagalary bilen bilelikde, tutuş maşgala bolup gowaça çöplerini ýygnamaga mejbur bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Kenýada “Al-Şabaab” terroristik gurama hem ýerli, hem-de ABŞ güýçleri tarapyndan ulanylýan harby baza hüjüm etdi. ABŞ-nyň harbylarynyň maglumatyna görä, 5-nji ýanwarda Manda Baý howa bazasyna edilen hüjümde Birleşen Ştatlaryň bir harby we iki şertnamalaýyn gullukçysy heläk bolupdyr. Goranmak departamentiniň iki gullukçysy hem ýaralandy diýip, ABŞ harbylarynyň Afrika Kommandowaniýesiniň, AFRICOM-yň, beýanatynda aýdylýar. Kenýanyň harbylary bäş jeňçiniň öldürilendigini habar berdi. Mundan on... Читать дальше...
Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi öldürilen harby kommandir Kasem Suleýmaniniň Tähranda geçirilen jaýlanyş mirasymy mahalynda, onuň tabydynyň golaýynda doga-dileg etdi. Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň saýlama harby bölüminiň – “Kuds” güýçleriniň komandiri, general-maýor Kasem Suleýmani 3-nji ýanwarda ABŞ-nyň Bagdad aeroportuna uran zarbasy netijesinde öldürilipdi. Eýranyň döwlet telewideniýesi Tähranda geçirilen mirasyma on müňlerçe eýranlynyň gelendigini görkezdi. Читать дальше...
Russiýanyň belli “Weçerniý Urgant” gepleşiginiň nobatdaky sanynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saz çalmagyna we dijeýlik etmegine üns çekildi. 27-nji dekabrda Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli guralan döredijilik dabarasyna gatnaşyp, onuň dowamynda saz çaldy, dijeýlik etdi we erk edýän saz gurallarynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. “Weçerniý Urgant” gepleşiginiň 4-nji ýanwarda efire berlen sanynda, onuň alyp baryjysy Iwan Urgant türkmen prezidentiniň saz çalan çäresine saz muşdaklarynyň... Читать дальше...
Fransiýa, Britaniýa we Germaniýa Tährany 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygynyň şertlerine sarpa goýmaga çagyrdylar. Mundanam başga, E3 hem diýlip atlandyrylýan topar ABŞ güýçleri tarapyndan eýranly generalyň öldürilmegi bilen baglylykda Tährany gazaplylykdan daşda durmaga çagyrdylar. 6-njy ýanwarda ýaýradylan umumy beýanatda Ýewropa Bileleşiginiň üç döwleti Yrakdaky we Eýrandaky dartgynlylyklaryň gowşadylmagynyň we “Yslam döwleti” ekstremistiki toparyna garşy alnyp barylýan göreşiň möhümdigine ünsi çekdiler. Читать дальше...
Özbegistan Täjigistan bilen umumy serhediniň töweregindäki sebitlerde minalary arassalamak işlerini tamamlady diýip, Asia-Plus ýerli neşir Täjigistandaky çeşmelerine salgylanyp maglumat berdi. Serhedi minalardan arassalamak barada özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 2018-nji ýylyň martynda Täjigistana eden saparynyň dowamynda ylalaşylypdy. Şonda iki lider minalaryň 2019-njy ýylyň ahyryna çenli aýryljakdygy barada wada beripdiler. Minalar 1990-njy ýyllaryň aýagynda serhediň özbek tarapynda ýerleşdirilipdi. Читать дальше...