Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy sebitdäki dartgynlyklaryň ýokarlanmagy bilen baglylykda amerikan raýatlaryň ählisine hüşgär bolmak maslahatyny berýär. “ABŞ raýatlaryna ýokary derejede hüşgär bolmak we ýagdaýlardan gowy habardarlyk praktikasyna eýermek berk maslahat berilýär” diýip, Aşgabatdaky amerikan ilçihanasynyň 4-nji ýanwarda çap eden beýanatynda aýdylýar. Şeýle-de ilçihana amerikan raýatlaryna özlerine kän ünsi çekmezligi, töwerek-daşdan seresap bolmagy ündeýär. Mundan başga... Читать дальше...
Nebit resmileri Orsýetiň Belarusa çig nebit ibermegini dikeltmek baradaky ylalaşyga gelendigini aýdýarlar. Orsýetden Belarusa iberilýän nebit 1-nji ýanwarda, tranzit nyrhlarynyň dawasy üstünde togtadyldy. Belarus öz has uly goňşusyndan import edýän nebitine üpjünçiniň goşmaça nyrh goýmakdan el çekdi diýip, Belarusyň “Belneftekhim” kompaniýasynyuň 4-nj ýanwardaky beýanatynda aýdylýar. Bu ylalaşyk Belarusyň nebiti gaýtadan işleýän kärhanalarynyň işiniň ýanwar aýynda dowam etdirilmegine şert döreder diýip, olar aýtdylar. Читать дальше...
Ak tam prezident Donald Trampyň buýrugy esasynda 3-nji ýanwarda, Eýranyň ýokary derejeli harby serkerdesi Kasem Suleýmanini Yraga sapar edýän wagtynda öldürmek üçin urlan dron zarbasy barada Kongrese resmi bildiriş hatyny iberdi. Bu bildiriş haty 4-nji ýanwarda, ABŞ-nyň 1973-nji ýyldaky “Uruş ygtyýarlyklary hakyndaky akt” atlandyrylýan kanun esasynda iberildi. Bu kanun prezident dolandyryşynyň ýaragly güýçleri girizmek ýa-da öňde duran harby hereketler barada 48 sagadyň çäginde habardar etmegini talap edýär. Читать дальше...
BMG tarapyndan goldanylýan Liwiýa hökümeti, ýurduň raýat urşunyň gowşamazlygy netijesinde, paýtagt Tripolide harby mekdebe urlan howa zarbasynyň azyndan 28 adamy öldürendigini, onlarça adamy ýaralandygyny aýdýar. "Tripoliniň harby mekdebine urlan zarba 28 kadeti öldürdi we onlarça adamy ýaralady” diýip, Milli ylalaşyk hökümetiniň Saglyk ministrliginiň sözçüsi Amin al-Haşemi 4-nji ýanwarda aýtdy. Tipolide ýerleşýän ministrligiň başga bir sözçüsi Malek Merset AP bilen söhbetdeşlikde bu zarbanyň paýtagtyň Hadaba töweregine... Читать дальше...
Müňlerçe eýranly Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň “Kuds” güýçlerine ýolbaşçylyk eden kasem Suleýmaniniň hökümet tarapyndan gurnalan ýas üýşmeleňlerine gatnaşdy. Ýas üýşmeleňleri 5-nji ýanwarda Eýranyň Yrak bilen serhedine golaý Ahwaz şäherinde we mukaddes Maşat şäherinde geçirldi. Döwlet telewideniýesi 5-nji ýanwardaky dabaralary, daň atmazynyň öňüsyrasynda jesedi getirilen Suleýmaniniň hatyrasyna ýöriş edip, döşlerine urup, şygar aýdan gara geýimli erkekleriň ýörişini göni efirde alyp görkezdi. Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, eger-de Tähran islendik amerikan nyşanasyny ursa, Waşingtonyň “örän çalasyn we gaty berk” zarba urulmaly 52 “eýran nyşanasyny” kesgitländigini aýtdy.