Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июль
2018

Новости за 16.07.2018

Azathabar.com 

Tramp, Putin ABŞ bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklary düzetmek boýunça 'ilkinji ädimleri ätdiler'

Prezidentler Donald Tramp we Wladimir Putin Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasyndaky ýiti dartgynlaşan gatnaşyklary düzetmek boýunça özleriniň "ilkinji ädimleri ädendigini" aýdýarlar. Bu barada Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň prezidentleri Tramp mundan 18 aý ozal wezipä girişeli bäri iki ýurduň arasynda geçirilýän ilkinji sammitde çykyş etdiler.

Azathabar.com 

Häkimiýetler walýutanyň ‘gara bazaryna’ gözegçiligi güýçlendirýär, şonda-da ‘manat ejizleýär’

Türkmenistanda walýutanyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş diýilýän çäreler berkliginde galýar. Häkimiýetler paýtagtyň hususy söwda nokatlarynda reýd geçirip, dükan eýeleriniň satuwa çykaran harytlaryny daşary ýurtlardan haýsy pula satyn alandygy barada düşündiriş soraýarlar. Bu çäreleriň fonunda ýaňy ýakynda 15 manada düşen 1 amerikan dollarynyň bahasy häzirki wagtda 17 manat 80 teňňä çykdy. Ýerli ilat munuň has-da gymmatlajakdygyny çaklaýar. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 16-njy iýulda maglumat berdi.

Azathabar.com 

Gazagystanda awtobus ýangyny bilen baglanyşykly sud diňlenişiginiň geçiriljek wagty kesgitlendi

Şu ýylyň ýanwar aýynda Gazagystanda 52 özbek raýatynyň heläk bolmagyna sebäp bolan awtobus ýangyny bilen baglanyşykly sud diňlenişiginiň geçiriljek wagty kesgitlendi. 16-njy iýulda Gazagystanyň demirgazyk-günbatarynda Aktobe regional sudy bu iş boýunça sud diňlenişiginiň 20-nji iýulda Yrgyz etrap sudunda geçiriljekdigini mälim etdi. Bu sud diňlenişiginde ýangynda aman galan üç sürüji we “Asia Transit Service” kompaniýasynyň iki wekili sud öňüne çykarylýar. Ählisi gazak raýaty bolan bäş tussag... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen emeli hemrasy 'hyzmatlaryň köp görnüşini' ýerine ýetirer

Türkmenistan aragatnaşyk sistemalarynyň toplumyny işe girizdi, onuň kömegi bilen kosmiki emele hemranyň üstünden hyzmatlaryň köp görnüşlerini ýerine ýetirmek mümkin diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşri ýazýar.  Читайте также на русском Maglumata görä, täze aragatnaşyk sistemasy milli emeli hemranyň ulanylyşyna degişli kommersiýa işleri ynanylan "Türkmen hemrasy" atly şirketiň bilermenleri tarapyndan 1-nji iýunda işe girizilipdir, ösen tehniki enjamlaryny bolsa kosmiki gurallary öndürýän ençeme ýurduň... Читать дальше...

Azathabar.com 

18 ýyl tussaglykda saklanan özbek žurnalisti ABŞ-daky maşgalasy bilen gaýtadan birleşdi

Özbek žurnalisti Muhammad Bekjon Özbegistanda 18 ýyl demir gözenekleriň arkasynda saklanyp, azatlyga goýberilenden bir ýyl gowrak wagt soň, Birleşen Ştatlardaky maşgalasy bilen gaýtadan birleşdi. 16-njy iýulda Birleşen Ştatlaryň Sietl şäheriniň aeroportunda Bekjony agtyklary we gyzlary garşy aldy. Ol öz dogan-garyndaşlaryny 1999-njy ýylda tussag edileni bäri görmeýärdi. Köp adamlar tarapyndan syýasy tussag diýlip hasaplanýan 64 ýaşyndaky žurnalist 2017-nji ýylyň fewral aýynda azatlyga goýberilipdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Hindistanda Türkmenistanyň ýene iki raýaty bikanun gyzyl söwdasynda tutuldy

Hindistanyň Amritsar şäherinde ýerleşýän Sri Guru Ram Das adyndaky halkara aeroportynyň gümrük departamenti gyzyly kontrabanda ýoly bilen geçirmäge synanyşmakda aýyplap, Türkmenistanyň iki raýatyny tussag etdi. Bu barada Hindistanyň media serişdeleri habar berýärler. “The Times of India” neşiriniň 16-njy iýulda beren maglumatyna  görä, ýekşenbe güni iki türkmen raýaty Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasyna degişli uçarda Amritsar şäherine baryp, bahasy 40 müň amerikan dollaryna golaý gyzyl şaý-sepleri... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gürjüstan: Kömür känindäki heläkçilikli wakada dört şahtaçy öldi

Gürjüstanyň Içeri işler ministrligi ýurduň kömür känindäki tunelde üçegiň çökmegi netijesinde dört şahtaçynyň ölendigini we başga-da alty sanysynyň ýaralanandygyny aýdýar. Ministrligiň beýanatynda bellenilmegine görä, bu heläkçilikli waka 16-njy iýulda Tbilisiniň 200 kilometr günbatarynda ýerleşýän Tkibuli sebitindäki Mindeli käninde boldy. Maglumatda tuneliň çökmegine metan gazynyň partlamagy sebäp bolan ýaly bolup görünýär diýilýär. Kömür käninde howpsuzlyk düzgünleriniň bozulandygyny ýa-da... Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabatda jaýlar ýumrulýar, ýaşaýjylar ýaşara ýer gözleýärler

Aşgabatda jaýlaryň ýumrulmagynyň täze tapgyry başlandy. Aşgabadyň “A.Niýazow” şaýoly bilen ozalky “Atabaýew” köçesiniň aralygynda, “Türkmenbaşy” şaýolunyň gündogar böleginde ýerleşýän onlarça ýaşaýyş jaýlary ýumrulyp başlandy.




Azathabar.com 

Tramp we Putin Helsinkide duşuşýarlar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen ýene birnäçe sagatdan özleriniň ilkinji ikitaraplaýyn duşuşygyny we 2010-njy ýylyň aprelinden bäri ilkinji hökümetara sammitini geçirerler.


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus