Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hindistanda Türkmenistanyň ýene iki raýaty bikanun gyzyl söwdasynda tutuldy

Hindistanyň Amritsar şäherinde ýerleşýän Sri Guru Ram Das adyndaky halkara aeroportynyň gümrük departamenti gyzyly kontrabanda ýoly bilen geçirmäge synanyşmakda aýyplap, Türkmenistanyň iki raýatyny tussag etdi. Bu barada Hindistanyň media serişdeleri habar berýärler.


“The Times of India” neşiriniň 16-njy iýulda beren maglumatyna  görä, ýekşenbe güni iki türkmen raýaty Türkmenistanyň howaýollary kompaniýasyna degişli uçarda Amritsar şäherine baryp, bahasy 40 müň amerikan dollaryna golaý gyzyl şaý-sepleri bikanun geçirmäge synanyşanda saklanýar.


“Gümrük resmileri ele salnan gyzyly konfiskasiýa etdi we ýolagçylar tussag edildi” diýip, neşir Amritsaryň gümrük resmisi Dipak Kumar Gupta salgylanyp habar berdi.


Bu mesele boýunça Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.


Belläp geçsek, bu bikanun gyzyl söwdasy bilen baglylykda Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda tussag edilmegi bilen bagly ilkinji waka däl.


6-njy maýda Hindistanyň media serişdeleri Indira Gandi adyndaky halkara aeroportynyň gümrük departamentiniň 19 kilogram gyzyly kontrabanda ýoly bilen geçirmäge synanyşmakda aýyplap, Türkmenistanyň 28 raýatyny, şol sanda 22 zenany tussag edendigini habar beripdiler. Şonda ele salnan gyzylyň 60 million hindi rupisine, ýagny ortaça 890 müň amerikan dollaryna barabardygy mälim edilipdi.


Şol aýyň ahyrynda bolsa, türkmenistanly bir zenan maşgalanyň bahasy 61 müň dollar möçberindäki altyny bikanun ýollar biler Hindistanyň çägine saljak bolanda tussag edilendigi barada habarlar peýda boldy.


Türkmen häkimiýetleri bu tussag edilmeler barada häzirlikçe resmi kommentariý bilen çykyş etmän gelýärler. Emma geçen aýyň ahyrynda Azatlygyň ýagdaýdan habarly ýurt içindäki çeşmesi häkimiýetleriň Hindistanda altyn gaçakçylygynda güman edilip saklanan türkmenistanlylary ýurda ekstradisiýa etdirmegiň ugrunda işleýändigini habar berdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus