Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen emeli hemrasy 'hyzmatlaryň köp görnüşini' ýerine ýetirer

Türkmenistan aragatnaşyk sistemalarynyň toplumyny işe girizdi, onuň kömegi bilen kosmiki emele hemranyň üstünden hyzmatlaryň köp görnüşlerini ýerine ýetirmek mümkin diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşri ýazýar. 


Читайте также на русском

Maglumata görä, täze aragatnaşyk sistemasy milli emeli hemranyň ulanylyşyna degişli kommersiýa işleri ynanylan "Türkmen hemrasy" atly şirketiň bilermenleri tarapyndan 1-nji iýunda işe girizilipdir, ösen tehniki enjamlaryny bolsa kosmiki gurallary öndürýän ençeme ýurduň, şol sanda Belgiýanyň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Kanadanyň kompaniýalary üpjün edipdir.


Ýakyn wagtda sputnik aragatnaşyk hyzmatlaryna ýurduň ministrlikleri we edaralary çatylar. Hususan-da, Seýsmologiýa instituty ýokary tizlikli kanallary seýsmiki stansiýalar bilen çalt aragatnaşyk üçin ulanmaga bil baglaýar diýlip, maglumatda bellenýär.    




Türkmenistanyň "TürkmenÄlem 52Е" atly emeli hemrasy 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde kosmosa uçuryldy. Resmi maglumatlara görä, ol milli telewideniýäniň, şeýle-de onuň kuwwatyndan peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolmaga isleg bildiren telekanallaryň gepleşiklerini berýär. Habar berlişine görä, türkmen emeli hemrasynda Türkmenistanyň giňişliginden daşary Merkezi Aziýany, Eýrany, Türkiýäni, Demirgazyk Afrikany we Ýewropanyň uly bölegini üpjün etmäge ukyp bar.  


"Türkmen aragatnaşyk emeli hemrasynyň transponderleriniň Türkiýäniň habar beriş kompaniýalary tarapyndan kärendä alynmagy hakynda gepleşik gidýär diýip, türkmen habar agentligi ýazýar. Şeýle-de, döwlet mediasyna görä, "TürkmenÄlem 52E" emeli hemrasy Garagum çölünde ýerleşýän çetki obalary göçme aragatnaşyk bilen üpjün edipdir, käbir obalaryň ýaşaýjylary, bolsa, aragatnaşyk we internet aragatnaşygyndan gije-gündiz peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolupdyr.   


Şol bir wagtda-da, "Türkmenistanyň hronikasy" atly garaşsyz neşir, internet boýunça bilermeniň pikirini getirip, sputnik internetiniň ilatyň giňden ulanmagyna niýetlenmeýändigini ýazýar. 


"Sputnik interneti örän haýal (hususan-da, maglumatlaryň iberilmeginiň tizliginiň pes bolmagy sebäpli)", diýip neşir bilermene salgylanyp ýazýar we sputnik kanallarynyň gyssagly maglumatlary ýetirmegi talap etmeýän ugurlarda, şol sanda seýsmostansiýalar üçin oňaýlydygyny belleýär. 




Türkmenistanyň milli kosmos agentliginiň düýbi 2011-nji ýylyň mart aýynda tutulypdy.


2017-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen hökümeti ikinji emeli hemrany kosmosa uçurmak planyny yglan etdi. Şonda bu işiň ýurduň kosmos ulgamyny ösdürmek boýunça 2018-2024-nji ýyllara niýetlenen milli programmasynyň çäginde amala aşyrylýandygy we 1 milliard 300 million manat möçberde pul çykarylýandygy habar berildi.


Munuň bilen bir wagtda Türkmenistanyň ilaty, ilkinji nobatda-da oba ýerlerinde, telewideniýe, telefon, mobil aragatnaşyk we internet hyzmatlaryndan peýdalanmakda kynçylyk çekýär. Elektrik togy hem yzygiderli öçürilýär. Ýurduň häkimiýetleri ilatyň öz hasabyna oturdýan sputnik antennalaryny ýok edýär.


Ilat arasynda meşhur sputnik çanak antennalary "Ýamal" we "Hotbird" sputnikleriň üsti bilen daşary ýurt telekanallaryny görmäge mümkinçilik berýär. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus