18 aý mundan ozal Birleşen Ştatlaryň prezidenti wezipesine girişen Donald Tramp 16-njy iýulda Helsinkide Wladimir Putin bilen ilkinji gezek giň gerimli duşuşyk geçirýär. “Orsýetde bu hepde” atly rubrika bu sammitden nämeler garaşylmalydygy barada maglumat taýýarlady.
Türkmenistanyň paýtagtynda we beýleki welaýat merkezlerinde alkogolly içgileriň satylmagyna “dilden” gadagançylyk girizildi. Türkmen häkimiýetleri dükanlary we söwda nokatlaryny spirtli içgilerden ‘saplamak’ boýunça ýurduň çar künjeginde, hususan-da Aşgabatda iş alyp barýarlar.
Owgan resmileriniň aýtmagyna görä, hökümet güýçleriniň Nangarhar welaýatynda geçiren guryýer we howa operasiýalarynda azyndan alty sany parahat ýaşaýjy heläk bolupdyr. Welaýatyň hökümetiniň metbugat-wekili Ataullah Hogyani 12-nji iýulda geçirilen operasiýada şeýle-de dört parahat ýaşaýjynyň ýaralanandygyny aýtdy. "Ölenleriň arasynda bir daýhan we howpsuzlyk işgäri bar. Bombalaýyşlaryň netijesinde metjit we 21 sany ulag weýran boldy" diýip, Hogyani aýtdy. Welaýatyň regional geňeşiniň agzasy... Читать дальше...
Daşoguzda käbir ýangyç satylýan ýerlerde halkyň alýan benzininiň galplyk bilen kem berilýändigi we şol bir wagtyň özünde onuň hiliniň hem ýaramazdygy habar berilýär.
Azerbaýjanyň häkimiýetleri polisiýanyň şu hepdede protestleriň dowamynda iki polisiýa ofiserini pyçaklamakda güman edilýän adamlaryň birini öldürendigini aýdýar. Azerbaýjanyň Içeri işler ministrliginiň 13-nji iýulda mälim etmegine görä, şübhelenýän 1988-nji ýylda doglan Rasad Boýukkisiýew Şamkir şäherinde geçirilen ýörite operasiýanyň dowamynda garşylyk görkezenden soň öldürlipdir. Ministrlik polisiýa ofiserlerini pyçaklamakda güman edilýän beýleki adamyň Faruh Kasimowyň tussag edilendigini 11-nji iýulda mälim etdi. Читать дальше...
Argentinanyň Daşary işler ministrligi Orsýetden Eýranyň öňki daşary işler ministri Ali Akbar Welaýatini tussag etmegi we ýurtdan çykarmagy sorandygyny mälim etdi. Argentina Welaýatiniň 1994-nji ýylda Buenos Airesde 85 adamyň ölümine sebäp bolan bomba partlamasyndaky güman edýän roluny agzaýar. Häzirki wagtda Eýranyň Baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneiniň baş geňeşçisi bolan Welaýati 12-nji iýulda Moskwa sapar edip, prezident Wladimir Putin bilen duşuşdy. Şeýle-de, ol 13-nji iýulda Hytaýa sapar etmegi planlaşdyrýar. Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Orsýetiň "duşman" däl-de, "bäsdeşdigi" hakynda aýdan sözleri Waşingtonda käbir abraýly kanun çykaryjylaryň arasynda aladalanma we gahar-gazap döretdi. Kanun çykaryjylaryň ençemesiniň 12-nji iýulda aýtmagyna görä, olar Trampyň Orsýetiň ýalňyşlyklaryna üns bermezlige taýýar bolmagynyň ähtimallygyna aladalanma bildirdiler we Trampy 16-njy iýulda Helsinkide planlaşdyrylan sammitde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin babatynda "ýumşak" bolmazlyga çagyrdylar. "Putin Amerikanyň dosty-da, bäsdeşi-de däl. Читать дальше...
ABŞ-nyň resmileri Eýrana basyş etmek boýunça giň göwrümli sanksiýalaryň ýurtdaky köçe protestlerini güýçlendirmäge ýardam berýändigini aýdýarlar. Prezident Donald Tramp, bolsa, Tähranyň Waşington bilen ylalaşyk gazanmagy üçin oňa ykdysady “agyry” edilmegine garaşýandygyny aýtdy. “Men olaryň köp problemasynyň bardygyny we olaryň ykdysadyýetiniň ýumrulýandygyny bilýärin. Emma meniň aýtmakçy bolýan zadym, olar belli bir ýagdaýda ýüzlenip, 'geliň ylalaşaly', diýseler biz ylalaşyk taparys. Olar häzir uly ejir çekýärler" diýip... Читать дальше...
“Bir tanşymyň ogly Orsýetde ýokary okuw jaýyny tamamlap, Türkmenistanda harby gulluga gitdi, Keletä düşdi, ady Atamyrat. Emma ol häzir Nyýazow hassahanasynda ýatyr, el-aýagy gymyldamaýar” diýip, Azatlygyň çeşmesi 12-nji iýulda habar berdi.
Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.