Indoneziýanyň meşhur syýahatçylyk menzilinde bolan ýer yranmasynda azyndan 14 adam öldi we 160-dan gowrak adam ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar. Indoneziýanyň merkezi Lombok adasynda 29-njy iýulda bolan 6.4 magnitýudly ýer yranmasynda müňlerçe jaýa zyýan ýetdi diýip, tebigy hadysalaryň yzyny arassalaýan milli edaranyň sözçüsi Purwo Nugroho aýtdy. Nugroho pidalaryň sanynyň artmagynyň ahmaldygyny, sebäbi maglumatlary ýygnamagyň dowam edýändigini aýtdy. Bali adasyndan 40 km çemesi gündogarda... Читать дальше...
Bir zaman ozalky serb lideri Slobodan Milişowiçi uruş jenaýatlary sudy mahalynda goramaga kömek eden tanymal aklawçy Belgradda atylyp öldürildi diýip, resmiler aýtdylar. 57 ýaşyndaky Dragoslaw Ognýanowiç (Ognjanovic) öz kwartirasynyň daş işiginde, 28-nji iýul güni giçlik atylyp öldürildi diýip, Içeri işler ministrligi habar berdi. Ministrlik aklawçynyň 26 ýaşyndaky oglunyň hem sag golundan ýaraly bolandygyny aýtdy. Polisiýa hüjümçiniň gözlenilýändigini, aklawçynyň näme sebäpden öldürilendiginiň bilinmeýändigini aýtdy. Читать дальше...
Türkiýe sentýabryň başynda Siriýa konfliktini we beýleki regional meseleleri maslahatlaşmak üçin Fransiýa, Germaniýa we Orsýet bilen sammit geçirmegi planlaşdyrýar diýip, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan aýtdy. Onuň bu sözleri türk mediasynda 29-njy iýulda çap edildi, Erdogan bu duşuşygyň 7-nji sentýabrda Stambulda boljakdygyny aýtdy. Türk lideri sammitiň gün tertibindäki başga meseleleriň jikme-jikliklerini aýtmady, emma ol, “Hurriýet” gazetiniň ýazmagyna görä, Türkiýäniň “dörtlügiň... Читать дальше...
Ermenistanyň tussag edilen ozalky prezidenti Robert Koçarýanyň tarapdarlary onuň tussag edilmegini tankytlap, derhal azatlyga goýberilmegini talap etdiler. Olar Koçarýanyň hökümetiň ozalky ýolbaşçylara garşy görýän kanuny çäreleriniň çäginde jogapkärçilige çekilmegini “görnetin syýasy we şahsy yzarlama” diýip atlandyrdylar. “Bu gan dawasy, syýasy we şahsy ar alyş we kanuny esasy ýok” diýip, Koçarýanyň sözçüsi Wiktor Soghomoniýan 28-nji iýulda Ýerewanda gurnalan metbugat ýygnagynda aýtdy. 1998-2008-nji... Читать дальше...
Pakistanyň oppozisiýa lideri Imran Hanyň partiýasy, 25-nji iýuldaky saýlawlarda orunlaryň köpüsini eýeläp, köplügi gazanmakdan kelte gaýdanyndan soň, kanun çykaryjylaryň özüne koalision hökümet düzmek üçin ýeterlik goldaw berjekdigini aýtdy. "Adamlar bizi häkimiýete saýlady, onsoň, hudaý halasa, biz hökümet düzeris” diýip, Hanyň Tehrike Insap (PTI) partiýasynyň sözçüsi Fawad Çaudhry 28-nji iýulda AP habar gullugyna aýtdy. Çaudhry berlen wadalaryň detallaryny açmady we anyk sanlaryň geljek hepde... Читать дальше...
Orsýet Türkmenistan bilen aradaky gaz söwdasyny dikeltmek baradaky gepleşikleriň güýzde gaýtadan başlanmak ähtimallygyny ýaňzydýar.
Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan öz ýurdunyň tussag edilen amerikan pastory meselesinde Birleşen Ştatlara garşy durjakdygyny aýtdy we prezident Donald Trampy “psihologiki uruş” alyp barmakda aýyplady. Türkiýäniň “Haberturk” telekanaly 29-njy iýulda Erdogany sitirläp, onuň Birleşen Ştatlar, eger-de öz gylygyny üýgetmese, “güýçli we ýürekdeş hyzmatdaşyny ýitirer” diýendigini habar berdi. Soňky günlerde NATO ýaranlarynyň arasyndaky dartgynlyklar Ankaranyň amerikan pastory Endrýu Bransony (Andrew... Читать дальше...