Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июль
2018

Новости за 22.07.2018

Azathabar.com 

Kabul: Wise-prezident bosgunlykdan dolanyp gelende aeroportda ganly partlama boldy

Owganystanyň Içeri işler ministrligi Kabulyň halkara aerportunyň girelgesinde janyndan geçeniň partlatmasy azyndan 10 adamy ýaralady diýýär. Bu partlama bosgunlykdan yzyna dolanyp gelýän wise-prezident Abdul Raşid Dostuma hoş geldiň diýmäge ýüzlerçe adamyň toplanan ýerinde boldy. 22-nji iýuldaky partlama uly derejeli hökümet resmileri we Dostumyň goldawçylary ozalky uruş serkerdesini garşylap, aerportdan gaýdyp barýan wagtlarynda boldy. Bronlanan maşynda barýan Dostum ýaralanmady diýip, onuň sözçüsi Başir Ahmed Taýanj aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Pakistan: Saýlaw kandidaty janyndan geçen bombaçynyň pidasy boldy

Pakistanyň saýlaw dalaşgärleriniň biri janyndan geçen bombaçynyň hüjüminde wepat boldy. Ýurtda 25-nji iýulda geçiriljek saýlawlara dahylly zorlukly wakalaryň soňkusynda birnäçe adam ýaraly hem boldy. Polisiýa we hassahana resmileri Ikramullah Gandapuryň harby hassahanada 22-nji iýuldaky hüjümde alan ýaralaryndan wepat bolandygyny aýtdylar. Ol oppozision lider Imran Hanyň partiýasyndan dalaşgärlige goşulypdy. Gandapuryň sürüjisi hem wepat boldy. Polisiýa onuň öz ýaşaýan ýerinden syýasy üýşmeleňe ugran mahaly nyşana alnandygyny aýtdy.

Azathabar.com 

Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum Kabula dolanyp gelýär

Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostumyň 22-nji iýulda Kabula dolanyp gelmegine garaşylýar, ol bir ýyldan gowrak öň, geçen ýyl öz adamlaryna syýasy garşydaşyny alyp gaçmagy, urmagy we zorlamagy buýurmakda aýyplanyp, ýurtdan gaçypdy. Ozal kuwwatly uruş serkerdesi bolan Dostum, owgan paýtagtyna şu gün giçlik geler diýip, prezidentiň sözçüsi Haroon Çakhansuri aýtdy. Etniki özbeklerden bolan Dostum Türkiýedesaglyk bejergisini aldy we indi onuň ýagdaýy gowy, ol öz işini dowam etdirer diýip, sözçisözüniň üstüni ýetirdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýyl Siriýanyň meýletinçiler guramasyny uruz zonasyndan halas edýär

Ysraýyl goşunlary özleriniň “golaýda” Siriýanyň meýletinçi raýat guramasynyň – metbugatda “Ak kaskalylar” diýip at alan toparyň agzalaryny we olaryň maşgalalaryny serhediň Golan belentliklerindäki durnuksyz ýerinden goňşy ýurda ewakuasiýa edendigini aýdýar. 22-nji iýulda yglan edilen maglumat Ysraýylyň Siriýadaky raýat urşuna şunuň ýaly gatyşmasynyň ilkinjisi bolup durýar. “Graždan adamlar, janlaryna abanan görnetin howp-hatar zerarly, günorta Siriýadaky uruş zonasyndan ewakuasiýa edildi” diýip, harbylaryň twitter sahypasynda aýdylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Rohani Trampa ‘şiriň guýrugyny oýnamazlygy’ maslahat berýär

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa Tährana garşy duşmançylykly syýahat ýöretmezlik barada maslahat berip, “Amerika Eýran bilen parahatçylykda bolmagyň ähli parahatçylygyň enesidigini, Eýran bilen uruşmagyň ähli uruşlaryň enesidigini” bilmeli diýdi. "Jenap Tramp, şiriň guýrugyny oýnama, bu diňe ökünje alyp barar” diýip, resmi IRNA habar gullugy Rohaniniň 22-nji iýulda eýranly diplomatlaryň ýygnanyşygy nda aýdan sözlerini sitirledi. Tramp maý aýynda Birleşen Ştatlaryň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Hameneýi, eger eýran eksporty togtadylsa,regionyň nebit eksportyny petiklemegi goldaýar

Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hameneýi 21-nji iýulda prezident Hassan Rohaniniň, eger öz eksporty togtadylsa, Eýran Pars aýlagyndan nebit eksport edilmeginiň öňüni baglap biler diýen pikirini goldady. Hameneýiniň websaýty Hameneýiniň Rohaniniň iýulyň başynda “Eger Eýran nebit eksport etmese, regional ýurtlar hem nebit eksport etmez” diýen sözlerini oňlandygyny habar berdi. Websaýtda Rohaniniň sözleriniň “möhüm bellikler bolandygy we [Eýran] sistemasynyň syýasatyny we çemeleşmesini şöhlelendirýändigi” aýdylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-nyň aňtaw direktory Trampa hormatsyzlyk etmändigini aýdýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň aňtaw direktory (DNI) metbugata jogap berende rus prezidenti basym Ak tama sapar etjege meňzeýär diýmek bilen prezident babatynda hormat-sylagsyzlyk etmändigini aýdýar. ABŞ metbugaty DNI-iň direktory 19-njy iýulda Aspen institutynyň howpsuzlyk forumynda interwiýu berende prezidenti ýaňsylan gülenden soň Trampyň gahary geldidiýeninden soň, Dan Koats (Dan Coats) 21-nji iýulda beýanat çap etdi. “Käbir metbugat habarlarynda meniň göni söhbetdeşlik mahalynda soňky... Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus