Ysraýyl goşunlary özleriniň “golaýda” Siriýanyň meýletinçi raýat guramasynyň – metbugatda “Ak kaskalylar” diýip at alan toparyň agzalaryny we olaryň maşgalalaryny serhediň Golan belentliklerindäki durnuksyz ýerinden goňşy ýurda ewakuasiýa edendigini aýdýar.
22-nji iýulda yglan edilen maglumat Ysraýylyň Siriýadaky raýat urşuna şunuň ýaly gatyşmasynyň ilkinjisi bolup durýar.
“Graždan adamlar, janlaryna abanan görnetin howp-hatar zerarly, günorta Siriýadaky uruş zonasyndan ewakuasiýa edildi” diýip, harbylaryň twitter sahypasynda aýdylýar.
Goşun bu çäräni adatdan daşary ynsanperwerlik hereketi hökmünde suratlandyrýar.
Şonuň bilen birlikde, ysraýyl harbylary munuň Siriýadaky raýat urşuna garyşmazlyk syýasatynyň üýtgedilendigini aňlatmaýandygyny aýtdy.