Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Balkanda 'uruş weteranlaryna alynjak sowgatlar üçin' býujetçilerden pul ýygnalýar

Türkmenistan 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan weteranlary, şol döwürde tylda zähmet çeken adamlary býujet işgärleriniň hasabyna pul we beýleki sowgatlar bilen sylaglamagy meýilleşdirýär diýip, balkanly harbylaryň we polisiýa işgärleriniň ençemesi aýdýar.
Olar anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna beren maglumatynda bu maksatlar üçin harbylaryň we polisiýa işgärleriniň ençemesinden pul ýygnalandygyny gürrüň berdi.
“Geçen hepdäniň başynda welaýatdaky harby we polisiýa edaralarynyň käbirinde işgärleriň her birinden 100 manatdan pul ýygnaldy. Edara ýolbaşçylary bu serişdäniň uruş we zähmet weteranlaryna sowgatlary satyn almaga sarp ediljekdigini aýtdylar” diýip, balkanly harbylaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlykda bu serişdäniň sebitiň anyk haýsy harby we polisiýa edaralarynda ýygnalandygy barada takyk maglumat bolsa-da, redaksiýa söhbetdeşleriniň howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.
“Ýolbaşçylar bu sowgatlaryň Ýeňiş gününe gabatlanyp, şu hepdäniň ahyrynda geçiljek dabaralaryň çäginde uruş we zähmet weteranlaryna gowşuryljakdygyny aýtdylar” diýip, balkanly polisiýa ofiseri anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistanda 1939-njy ýylda başlanan Ikinji Jahan urşunyň 1941-1945-nji ýyllar aralygy, sowet propagandasyna laýyklykda “Beýik Watançylyk urşy” atlandyrylyp, 9-njy maýda Ýeňiş güni resmi dynç alyş berilmezden bellenilýär.
Puluň möçberi we tankytlar...
Bu waka prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli ýolbaşçylara “uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurtda zähmet çeken enelere Ýeňiş güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyran” mahalyna gabat geldi.
Türkmen lideri bu baradaky tabşyrygy 24-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda mälim etdi, ýöne sowgatlaryň jikme-jikliklerini aýdyňlaşdyrmady.
Türkmenistanda indi soňky birnäçe ýyl bäri Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna we tylda galan adamlara 200 manat möçberinde pul sowgatlary gowşurylýar. Mundan başga-da, resmi media olara her ýyl gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylýandygyny mälim etse-de, olaryň bahasyny anyklaşdyrmaýar.
Berdimuhamedow geçen aýyň ahyrynda eden çykyşynda "ýurtda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary üçin ähli şertleriň döredilýändigini" aýtdy.
Ýöne energiýa serişdelerine baý ýurduň häkimiýetleri pul sowgatlarynyň möçberleriniň ujypsyz bolmagy bilen baglylykda, köp türkmenistanlylar tarapyndan ýylyň-ýylyna tankyt edilýär.
Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda uruş weteranlaryna Ýeňiş baýramynda has köp möçberde pul sylaglary berilýär. Mysal üçin, goňşy Özbegistanda 2025-nji ýylda Ikinji jahan urşuna gatnaşanlaryň her birine 10 müň dollar, söweşe gatnaşan bilen deň görülýän her bir adama 1 müň 930 dollar we zähmet frontuna gatnaşanlaryň her birine 230 dollar sowgat berildi.
"Pes hormat goýulýar"“Ýurtda hemişe bolşy ýaly adam mertebesine, uruş weteranlaryna pes hormat goýulýar. Uruş we zähmet weteranlaryna beýleki ýurtlarda bolşy ýaly uly möçberde pul sowgatlarynyň berilmezligi täze nesle hem ýaramaz täsir edýär. Ýaşlar weteranlaryň 50-100 dollar pensiýa bilen açlyk, horluk içinde ýaşaýandygyny aýdyp, watan üçin söweşmäge höwesleriniň ýokdugyny aýdýarlar. Galan sanlyja weterana jaý sowgatlary berlip, uly möçber pul serişdesi berilse, bu ýaşlarda hem watana bolan söýgini artdyrardy” diýip, balkanabatly synçy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmenistandaky uruş weteranlarynyň takyk sany baradaky maglumatlar elýeterli däl. Ýöne iň ýaş uruş weterany, çen bilen, häzirki wagtda 98 ýaşynyň içinde bolmaly.
Ýurtdaky ýapyklyk, metbugata edilýän berk döwlet gözegçiligi türkmenistanly weteranlaryň durmuş şertleri, görýän kynçylyklary barada anyk maglumat almak, olar bilen söhbetdeşlik geçirmek mümkinçiligini tasdan ýoga çykarýar.
Bu aralykda, habarçymyz ýerli häkimiýetleriň Ýeňiş güni mynasybetli mejbury çäreleriniň diňe harbylardan we polisiýa işgärlerinden pul ýygnamak bilen çäklenmeýändigini aýdýar.
Geçen hepdäniň ahyrynda orta we hünär mekdepleriniň ençemesiniň okuwçylaryndan hem-de talyplaryndan, şeýle-de edara-kärhanalaryň birnäçesiniň işgärlerinden Ýeňiş güni mynasybetli sahnalaşdyryljak teatr oýny üçin bilet satyn almak talap edildi.
“Balkanabat şäheriniň sazly drama teatrynda öňümizdäki altynjy güni, 9-njy maýda sahnalaşdyryljak oýnuň biletleri býujet işgärlerine 25 manatdan we oluwçylara 10 manatdan satyldy” diýip, balkanabatly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden resmi teswir alyp bilmedi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus