Rus ýazyjysy we ozalky sowet dissidenti Wladimir Woýnowiç 85 ýaşynda aradan çykdy
Rus ýazyjysy we ozalky sowet dissidenti Wladimir Woýnowiç 85 ýaşynda aradan çykdy diýip, rus mediasy habar berdi. TASS habar gullugy ýazyjynyň aýaly Swetlana Kolesniçenko salgylanyp, merhumyň 30-njy iýulda jaýlanylmagyna garaşylýandygyny habar berdi. Woýnowiç 1932-nji ýylyň sentýabrynda Täjigisytanyň paýtagty Stalinabatda doguldy, Duşenbe o mahal şeýle atlandyrylýardy. Onuň kakasy 1936-njy ýylda sowetlere garşy agitasiýa ýörtemek aýyplamasynda tussag edilip, bäş ýylyny diktator Iosif Staliniň zähmet-düzediş lagerlerinde geçirdi. Читать дальше...