Usowyň sözlerine görä, ýerli hyzmatdaş banklaryň üsti bilen, gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn serişde bermek arkaly, ÝDÖB azyk önümlerini gaýtadan işlemek we paýlamak, logistika, ulag hyzmatlary, gaplama, mebel we myhmanhana işleri bilen meşgullanýan hususy kompaniýalary goldamagy planlaşdyrýar.
Russiýa Federasiýasy Türkmenistana gorag saglyk eşiklerini iberer diýip, türkmen hökümetine tarapdar “Orient” neşiri Orsýetiň senagat we söwda ministri Denis Manturowa salgylanyp habar berýär. Rus resmisiniň sözlerine görä, Orsýetde koronawirus ýokuşmasynyň haýallamagy netijesinde saglyk gurallarynyň bir toparyna, şol sanda gorag maskalaryna bolan ozalky isleg peseldi. Bu ýagdaý saglyk gorag gurallaryny öndürmegi güýçlendiren ýerli kärhanalar üçin mesele döretdi. Ministrlik, kärhanalary goldamak maksady bilen... Читать дальше...
Eýranyň prezidenti Hasan Rohani koronawirus ýokuşmalarynyň badyny gaçyrmak üçin toýlar we jynazalar ýaly köpçülikleýin ýygnanyşyklaryň wagtlaýynça gadagan edilmegine çagyrdy, ýöne ykdysady işjeňligi çäklendirmegiň ýene bir tapgyryny ündemekden saklandy. 11-nji iýulda edilen çagyryşdan gysga wagt soň Tähran polisiýasy paýtagtdaky ähli toý we ýas ýerleriniň açyljak wagty habar berilýänçä ýapyljakdygyny yglan etdi. Täze koronawirusyň iň köp täsir eden ýurtlaryndan biri bolan Eýran aprel aýynyň ortalaryndan... Читать дальше...
Bolgar prezidenti hökümeti işden gitmäge çagyrýar, protestçiler Sofiýada we kenarýaka şypahanasynyň golaýynda toplandy Müňlerçe raýatyň Gara deňiz boýunda bir kenarda we paýtagtda ýygnanyp, ýurduň elitasyndaky korrupsiýa garşy protest bildirmegi bilen, bolgar prezidenti hökümeti we baş prokurory işden çekilmäge çagyrdy. Rumen Radew bu çagyryşy 11-nji iýulda, Baş prokuratura iki gün ozal öz işgärlerine garşy reýd geçirenden soň etdi. Prezident edarasyndaky gözleg, agtaryş işleri Radew prezidentiň... Читать дальше...
OPEK nebit karteli şu hepde, global islegiň pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp gelýändigini görkezýän alamatlaryň arasynda, nebit önümçiligini artdyrmak ýa-da ýokarlandyrmazlyk meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanyşmaly. "The Wall Street Journal" we "Bloomberg", Saud Arabystany ýaly esasy kartel öndürijileriniň, Orsýet ýaly agza däl, ýöne möhüm ýurtlar bilen birlikde, guramanyň häzirki we geljekdäki önümçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin 15-nji iýulda wideo konferensiýa geçirjegini habar berdi. Читать дальше...
11-nji iýulda birnäçe müň adam Belgradda Serbiýanyň parlament binasynyň öňünde ýygnanyp, tapgyr bäşinji gün hökümete garşy protreste toplandy, olar hökümetiň koronawirus petiklemesini gaýtadan girizmek planlaryna garşy çykýarlar. Köpüsi maska geýen demonstrantlar parlament binasynyň öňünde ýöräp, wagtal-wagtal prezident Aleksandar Wuçiçiň işinden çekilmegini talap etdiler. Öňki gije geçirilen protestlerden tapawutlylykda, asudalyk düzgünleri saklandy, demonstrantlar häkimiýetleriň halky koronawirus... Читать дальше...
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany Eýran režiminiň etniki türkmenlere edýän basyşlary barada gürrüň gozgaýar.