Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Belgradda hökümete garşy protestleriň bäşinji gijesi parahatçylykly geçdi

11-nji iýulda birnäçe müň adam Belgradda Serbiýanyň parlament binasynyň öňünde ýygnanyp, tapgyr bäşinji gün hökümete garşy protreste toplandy, olar hökümetiň koronawirus petiklemesini gaýtadan girizmek planlaryna garşy çykýarlar.


Köpüsi maska geýen demonstrantlar parlament binasynyň öňünde ýöräp, wagtal-wagtal prezident Aleksandar Wuçiçiň işinden çekilmegini talap etdiler.


Öňki gije geçirilen protestlerden tapawutlylykda, asudalyk düzgünleri saklandy, demonstrantlar häkimiýetleriň halky koronawirus epidemiýasy bilen baglanyşykly bolup geçen zatlaryň ählisinden habarly etmegini isleýändiklerini aýtdylar.


Şuňa meňzeş parahatçylykly demonstrasiýalar Serbiýanyň beýleki şäherlerinde hem geçirildi, şol sanda Nowi Sadda demonstrantlar 10-njy iýulda Belgrada barýan ýoly wagtlaýyn petiklediler.


Demonstrasiýalar ilki koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak çärelerinden lapykeçlik zerarly başlandy, emma soňundan Wuçiçiň işinden aýrylmagyny talap edýän hökümete garşy ýörişlere ýazdy.


Gozgalaň polisiýasy 10-njy iýulda göz ýaşardyjy gaz ulanyp, demonstrantlary köçelerden kowmaga çalyşdy. Gahar-gazaba münen demonstrantlar Belgraddaky parlament binasyna baryp ýetmäge çalyşýan wagtlarynda polisiýa tarap çüýşe, petard we daş zyňdylar, emma yzy serpikdirildiler.


Wuçiç bu bolan hadysalarda "garakçylary" günäkärledi we olaryň tussag ediljekdigini aýtdy.


Serb polisiýasy 11-nji iýulda bir gije öň bolan çaknyşyklardan soň 71 adamy tussag edendigini aýtdy. Polisiýa müdiri Wladimir Rebik bidüzgünçilikde 14 polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny aýtdy.


Tankytçylar hökümetiň maý aýynda futbol ýaryşlaryna, dini baýramçylyklara, dabaralara we hususy ýygnanyşyklara gaýtadan rugsat bermeginiň we 21-nji iýunda geçiriljek parlament saýlawlarynyň ýatyrylmazlygynyň wirus ýokuşmalarynyň köpelmeginde getirendigini aýdýarlar.


Jon Hopkins uniwersitetiniň hasaplamalaryna görä, koronawirus pandemiýasy Serbiýada 18 000-den gowrak adama ýokuşdy we 382 adamy öldürdi.


Serbleriň käbiri hökümeti saýlawlary soňa goýmazlyk üçin wirus howpuny kiçeltmek synanyşygynda aýyplaýar.


Wuçiç bu aýyplamalary ret etdi we adamlara protest bildirmezlik barada duýduryş berdi. Ol munuň koronawirusyň ýaýramagyna goşant goşjakdygyny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus