Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde din wekilleri bu ýyl Gurban baýramynda köpçülikleýin baýramçylyk çäreleriniň ýatyrylmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji iýulda anonim şertde habar berdi.
Ministrler Kabinetiniň soňky giňeldilen mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurt boýunça bahasy 37 milliard dollardan gowrak 2,5 müňe golaý iri desgada gurluşygyň alnyp barlandygyny aýtdy.
Türkmenistanda paýtagtyň we welaýatlaryň arasydaky demirýol gatnawy togtadyldy, uçarly ýolagçy gatnawy cäklendirildi. Maskalaryň giňden geýilmegi hökman edildi. COVID-19 keseliniň alamatlary bolan keselçiligiň ýaýramagy dowam edýär. Koronawirusyň bardygyny resmi taýdan inkär etmegini dowam etdirýän ýurduň metbugaty bolsa görülýän çäreleri ilatyň saglygyny "hapalanan howadan goramak" maksady bilen düşündirýär. Resmi taýdan Türkmenistanda henizem COVID-19 ýok. Şol bir wagtyň özünde ýurtda koronawirus... Читать дальше...
Eýranyň kazyýet ulgamy ýurduň Goranmak ministrliginiň öňki işgäriniň ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugyna (CIA) maglumat satmakda aýyplanyp, höküm edilendigini aýdýar. Kazyýet ulgamynyň metbugat wekili Golamhossein Esmaili 14-nji iýulda beren maglumatynda Reza Asgariniň Goranmak ministrliginde işlän soňky ýyllarynda Merkezi aňtaw gullugy bilen aragatnaşyk saklandygyny we Eýranyň raketa programmasy barada maglumat satandygyny aýtdy. Esmaili Asgariniň geçen hepde jezalandyrylandygyny belläp, onuň Goranmak... Читать дальше...
14-nji iýulda Russiýanyň Goranmak ministrligi söweşijiler tarapyndan ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partladylmagy netijesinde Siriýadaky rus-türk esgerleriniň toparyna hüjüm edilendigini we üç rus esgeriniň ýaralanandygyny aýtdy. Bu barada rus habar agentlikleri habar berýärler. Habarda aýdylmagyna görä, partlamada türk esgerleriniň hem birnäçesi ýaralanypdyr. Partlama Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Idlib sebitiniň günorta böleginde boldy. Wakanyň... Читать дальше...
ABŞ-nyň iň köp ilatly ştaty Kaliforniýa koronawirus bilen kesellän adamlaryň sanynyň we olaryň hassahana ýerleşdirilmegi bilen bagly artýan wakalaryň öňüni almaga synanyşýan mahaly, 13-nji iýulda gaýtadan açmak baradaky kararyny ýatyrýandygyny yglan etdi. ABŞ-da 135000-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan bu wirus, hususan-da Günorta we Günbatarda köpelmegini dowam etdirýär. Bu sebitde köp ştat maý aýynda çäklendirmeleri ýatyryp başlapdy. Kaliforniýanyň gubernatory Gawin Nýusomyň (Gavin Newsom)... Читать дальше...
Ermenistan we Azerbaýjan, halkara jemgyýetçiliginiň ýowuzlygy azaltmak barada çagyryşlary etmegine getiren, iki gün dowam eden serhet çaknyşyklaryndan soň, 14-nji iýulda gahar-gazaply bolmagynda galdy. Günorta Kawkaz sebitindäki iki goňşy ýurt özleriniň durnuksyz serhet ýakasynda nobatdaky uçguny başlatmakda biri-birini aýyplaýar. Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 12-nji iýulda çaknyşyklar başlany bäri dört esgeriniň öldürilendigini we başga-da bäş sanysynyň ýaralanandygyny aýtdy. Bu aralykda... Читать дальше...
Gazagystanyň Aktöbe oblasty sebitdäki koronawirusyň hem ýiti öýken çişmesiniň köp ýaýran ýeri boldy. Häzirki wagtda bu oblastda iki müň çemesi koronawirusa ýolugan hasaba alyndy. Oblastda birnäçe meýletinler birleşip, AntiCovid-19 atly topary döretdiler. Olar keselhanalara baryp, doktorlara hem-de näsaglara meýletin ýardam edýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy olaryň birnäçesi bilen duşuşyp, bu meýletin işe nämäniň çekendigi bilen gyzyklandy. «ÄHLI GÜÝÇ — KESELHANALARA» Ýekaterina Golotina... Читать дальше...