Mary welaýatynda dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň gymmatlamagy azyk harytlarynyň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna getirdi. Munuň bilen bir wagtda, welaýatyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň gytçylygy dowam edýär.
Koronawirus pandemiýasyndan öň, belki-de, Simpsonlar multfilminde bir epizodda ýa-da komediýaçy Stiwen Kolbertiň (Stephen Colbert) giç-agşam gepleşiginde çala ýatlanyp geçilmeginden başga, köp adam Türkmenistan hakynda kän zat eşitmändi.
Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça müdiriýetiniň COVID-19 missiýasy 6-njy iýulda Türkmenistana sapar edýär. Bu barada Turkmenportal.com neşiri missiýanyň ýolbaşçysy Katrin Smolwudyň BMG-niň metbugat merkezine beren interwýusyna salgylanyp habar berýär.
Pskow şäherinde ikinji günbatar etrap harby sudy "terrorçylygy aklamak" aýyplamasy esasynda geçirlen diňlenişikde žurnalist Swetlana Prokofiýewa 500 000 rubl möçberinde jerime saldy. Prokuratura Prokopiýewany alty ýyl azatlykdan mahrum etmegi we onuň žurnalist bolup işlemeginiň dört ýyllap gadagan edilmegini sorapdy. Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň ştatdan daşary habarçysy Swetlana Prokofýewa, sudda özüniň bigünädigini aýtdy we bu özüne garşy gozgalan işi Orsýetde "söz azatlygyny öldürmek" synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi. Читать дальше...
BSG-niň COVID-19 boýunça missiýasy 6-njy iýulda Türkmenistana barýar. BSG-niň Ýewropa boýunça regional býurosynyň müdiri Hans Klýuge toparyň ýola düşendigini 6-njy iýulda öýlän Twitter arkaly habar berdi. BSG-niň Türkmenistana barýan toparynyň agzasy Katrin Smallwood 5-nji iýulda BMG-niň resmi websaýtynda çap edilen interwýusynda 6-njy iýulda başlanjak saparyň dowamynda, BSG-niň Türkmenistana iberilýän COVID-19 boýunça missiýasynyň ýurtda COVID-19-a taýýarlyk we jogap bermek boýunça milli we... Читать дальше...
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Tähranyň Hytaý bilen 25 ýyllyk şertnama barada aýdyp, "ynam we ynanç" esasynda gepleşik alnyp barylýandygyny we onuň şertleriniň baglaşandan soň mälim ediljekdigini 5-nji iýulda mejlisde eden çykyşynda mälim etdi. Zarif Hytaý bilen şertnama degişli hiç hili syryň ýokdugyny we bu meseläniň 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda prezident Si Szinpiniň Tährana baranda aç-açan gozgalandygyny aýtdy. Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýi hem Hytaý bilen strategiki... Читать дальше...
Orsýetiň sudnyň 6-njy iýulda žurnalist Swetlana Prokofýewany goldaýanlarda we adam hukuklaryny goraýjylardan gahar döreden kararyny yglan etmegine garaşylýar. Pskow şäheriniň prokurorlary žurnalistiň öz teswirinde adamyň öz janyna kast etmegi bilen hadysany ýurtdaky syýasy ýagdaý bilen baglanyşdyrandygy sebäpli ony "terrorçylygy aklandygy" üçin alty ýyl türme tussaglygynyň berilmegini isleýärler. Şeýle-de, prokurorlar Prokofýewany dört ýyllap žurnalistika işi bilen meşgullanmagyny gadagan etmegi soraýarlar. Читать дальше...
ABŞ-nyň koronawirus keseliniň episentrlerinde resmiler keselçiligiň ýaýramagy sebäpli hassahanalaryň aşa doljagyny duýdurýarlar. Häzir Nýu-Ýorkda keselçiligiň derejesi peselensoň, koronawirus ABŞ-nyň günorta we günbatar böleklerinde güýçli ýaýraýar. Tutuş ýurt boýunça kesellänleriň sany 3 milliona ýetip, wirus sebäpli 130,000 adamyň ölmegi bilen baglylykda, prezident Donald Trump bu ýagdaýa köp ştatlaryň çäklendirmeleri ir ýatyrmagynyň we saglyk talaplaryny berjaý etmezliginiň sebäp bolandygyny aýtdy. Читать дальше...
Owgan polisiýasynyň maglumatyna görä, 6-njy iýulda irden owgan syýasatçysy we onuň sürüjisi Logar welaýatynda ýaragly hüjümde ýaralanypdyr. Ýaragly adamlar welaýat geňeşiniň agzasy Nafisa Hijrany alyp barýan ulaga hüjüm etdiler diýip, Logar şäheriniň polisiýasynyň başlygynyň metbugat sekretary Şahpur Ahmadzaýy aýtdy. Onuň sözlerine görä, Hijranyň ýagdaýy durnukly we bejergi üçin Kabula iberilipdir. Polisiýa hüjümi amala aşyrmakda güman edilýän azyndan bir adamyň tussag edilendigini we “derňewleriň dowam edýändigini” aýtdy. Читать дальше...