Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Günbatar ýurtlarynda, hususan-da ABŞ-da ýykylýan heýkelleriň fonunda Merkezi Aziýada rus basybalyşlary, sowetler döwründe dikilen we ýykylan heýkeller, Türkmenistanda saklanyp galýan Lenin ýadygärligi hem-de ýurduň birinji we ikinji prezidentleriniň şahsyýet kultlary, heýkelleri baradaky ýörite söhbetimizi diňlemäge we öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Resmi Eýranyň Türkmenistana bergilidigini gepleşikleriň dowamynda hemişe nygtaýandygyny we bergilerini şu agta çenli töläp bilmezliginiň ýeke-täk sebäbiniň halkara we bank şertleriniň tölegleri yzygiderli ýagdaýda tölemäge mümkinçilik bermezligi bilen baglydygyny belledi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putini ýurduň konstitusiýasyna üýtgetme girizmek boýunça geçirilen sala salyşlykda gazanan üstünligi bilen gutlady. “Ses bermegiň dowamynda Russiýanyň halky öz saýlap alan ýoluny kesgitledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlamak isleýärin” diýip, türkmen prezidentiniň gutlagynda aýdylýar. “Ses bermegiň netijeleri russiýalylaryň Siziň döwlet gurluşyny berkitmäge we ýurdy durmuş-ykdysady... Читать дальше...
Müňden gowrak adam, aglaba köplügi Özbegistandan we Täjigistandan bolan zähmet migrantlar ýene-de ýapylan gazak-özbek serhedinde saklandy. Adamlar Türküstan sebitiniň Saryagaş etrabynyň “Žibek žoly” barlag nokadynyň golaýynda ýerleşýän awtobus menzilinde toplandy. Migrantlaryň käbiri Azattyk radiosynyň, Azatlygyň Gazak gullugynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolup, bir hepdeden gowrak wagt bäri awtobus duralgasynda bolandyklaryny aýtdy. “Gündiz yssy, gijelerine salkyn. Biz ýerde ýatmaga mejbur bolýarys... Читать дальше...
ABŞ-da 3-nji iýulda 50 müňden gowrak täze koronawirus ýokuşmasy ýüze çykaryldy. Birleşen Ştatlarda yzly-yzyna üçünji gün elli müňden gowrak wirus hadysasy hasaba alyndy. Adatça, 4-nji iýul, ýurduň Garaşsyzlyk güni dürli çäreler we syýahatlar bilen bellenilýär. Emma wirus hadysalarynyň köpelmegi ABŞ resmilerini adamlary öýlerinde galmaga çagyrmaga mejbur etdi. Birnäçe ştat kärhanalaryň täzeden açylmagyny togtatdy. ABŞ-nyň 50 ştatynyň 40-synda keselleýänleriň sanynyň köpelendigi bellendi, azyndan... Читать дальше...
Gyrgyzystanda soňky bir günüň dowamynda 31 adam pnewmoniýadan, öýken keselinden öldi. Bu barada respublikan operatiw merkezinde habar berildi. Mart aýyndan bäri öýken keselinden, şol bir wagtda COVID-19 boýunça geçiren synaglary negatiw netije görkezen adamlaryň 151 sanysy heläk boldy. 4-nji iýuldaky ýagdaýa görä, 2122 adam pnewmoniýadan, öýken keselinde bejergi alýar, 496 adamyň ýagdaýy agyr, 153 näsag reanimasiýada, aýratyn agyr hassalaryň bölüminde bejerilýär. Bu döwürde jemi 3009 adam pnewmoniýa bilen keselledi... Читать дальше...
3-nji iýulda prezident Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy N.Garlyýewi hem wezipesinden boşatdy. Şeýle-de ýurduň bilim ministri täzelendi.