Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июль
2020

Новости за 11.07.2020

Azathabar.com 

Hepdäniň jemi #27 (10.07.2020 ý.)

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Aşgabatda 1995-nji ýylda guralan anti-hökümet ýörişiniň 25 ýyllygyna bagyşlanan gysgaça maglumatymyzy; Pandemiýanyň we harasatdan soňky emelsizligiň Türkmenistanyň awtoritar prezidenti hem içerde, hem daşarda gözden düşürişi baradaky synymyzy diňlemäge we öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Azathabar.com 

Berdimuhamedow Nazarbaýew bilen wiruslaryň howa arkaly geçişini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy iýulda Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen telefonda gürleşdi. TDH döwlet baştutanynyň söhbetdeşini golaýda bellenen 80 ýaşy bilen gutlandygyny, onuň koronawirus näsaglygyndan gutulmagyna örän şat bolandygyny habar berýär. Söhbetdeşler koronawirus pandemiýasyny ýeňip geçmek tagallalary barada hem pikir alyşdylar. Habardan aňlanyşyna görä, Berdimuhamedow  Türkmenistanda resmi taýdan ýokdugy aýdylýan koronawirusyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-da koronawirus hadysalary gürelýär, Tramp kampaniýa ýygnanyşygyny goýbolsun etdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 11-nji iýulda Nýu-Hempşirde geçiriljek kampaniýa ýygnanyşygyny goýbolsun etdi. Bu çäre ABŞ-da koronawirus epidemiýasynyň gözegçilik astynda saklanmagy ugrunda alnyp barylýan göreşiň çäginde görüldi. Resmiler ýygnanyşygyň koronawirus sebäpli däl-de, golaýlap gelýän tropiki tupan sebäpli bir-iki hepde yza süýşüriljekdigini aýtdylar. Noýabr aýynda gaýtadan saýlanjak Tramp üç hepde öň Oklahoma ştatynyň Tulsa şäherinde ýygnanyşyk geçirdi, bu çärä gatnaşyjylaryň köpüsi... Читать дальше...

Azathabar.com 

Erdogan: Hagia Sofiýada ilkinji musulman namazlary 24-nji iýulda okalar 

Dünýäniň iň meşhur ýerlerinden biri, Stambuldaky ajaýyp Hagia Sofiýa muzeýi metjide öwrüldi. Ol başda ybadathana hökmünde bina edilipdi. Bu karar 10-njy iýulda yglan edildi. Türkiýäniň ýokary administratiw sudy muzeý statusyny ýatyranyndan gysga wagt soň, prezident Rejep Taýyp Erdogan Hagia Sofiýadaky ilkinji musulman namazlarynyň 24-nji iýulda okaljakdygyny aýtdy. Erdogan musulman dällere Hagia Sofiýanyň içine girmäge rugsat beriljekdigini hem sözüne goşdy. Türkiýäniň Döwlet geňeşiniň karary... Читать дальше...

Azathabar.com 

Bosniýa-Hersegowinada Srebrenisa gyrgynçylygynyň 25 ýyllygy bellenýär

Bosniýa-Hersegowinada Srebrenisa gyrgynçylygynyň 25 ýyllygy, koronawirus aladalary zerarly, esasy ýatlama dabarasyna gatnaşýanlaryň sanynyň azaldylmagy bilen bellenilýär. 1995-nji ýylyň iýulynda gündogar Srebrenisada Bosniýa serb güýçleri tarapyndan 8000-den gowrak bosniýaly musulman erkek we oglan bir ýere toplandy we öldürildi, bu Ýewropada Ikinji jahan urşundan bäri bolup geçen iň agyr köpçülikleýin gyrgyn boldy. Bu gyrgynçylyk halkara sudlary tarapyndan genosid diýlip atlandyryldy, ýöne serb... Читать дальше...

Azathabar.com 

Habarowskiniň gazaba münen ýaşaýjylary tussag edilen gubernatory goldap, proteste çykdy

Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäherinde on müňlerçe adam öz regionlarynyň gubernatorynyň adam öldürmekde aýyplanyp, iki aýlyk tussag edilmegine garşy bolup, köçelere çykdy. Sergeý Furgalyň goldawçylary 11-nji iýulda şäher merkezindäki Lenin meýdançasynda toplanyp, Komsomol meýdançasyna tarap ýöriş etdiler. Olar “Men Sergeý Furgal!” we “Furgaly azat et!” diýen şygarlary galdyrdylar. Ýörişe gatnaşanlaryň käbiri “Moskwa, utan!” we, prezident Wladimir Putini nazarda tutup, “Ýok bolsun patyşa” diýip gygyrdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Myrat Öwezow: Bize wirus gelen bolsa, halkyň köp bölegi gyrylýar

“Arada, üç-dört günlükde men Gubadaga bardym. Bankomatyň öňündäki adamlaryň derdinden banka girip bolanok” diýip, özüniň wezipesini ýa hünärini anyklaşdyrmadyk M.Öwezow bankomatlaryň öňündäki nobatlary “gyrlyşma” hökmünde häsiýetlendirdi.


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus