Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Erdogan: Hagia Sofiýada ilkinji musulman namazlary 24-nji iýulda okalar 

Dünýäniň iň meşhur ýerlerinden biri, Stambuldaky ajaýyp Hagia Sofiýa muzeýi metjide öwrüldi. Ol başda ybadathana hökmünde bina edilipdi. Bu karar 10-njy iýulda yglan edildi. Türkiýäniň ýokary administratiw sudy muzeý statusyny ýatyranyndan gysga wagt soň, prezident Rejep Taýyp Erdogan Hagia Sofiýadaky ilkinji musulman namazlarynyň 24-nji iýulda okaljakdygyny aýtdy.


Erdogan musulman dällere Hagia Sofiýanyň içine girmäge rugsat beriljekdigini hem sözüne goşdy.


Türkiýäniň Döwlet geňeşiniň karary hökümetiň 1934-nji ýylda kabul edilen buýrugyny ýatyrdy. Bu metjit ozal, häzirki Türkiýe respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Ataturkyň dünýewileşmek hereketiniň çäginde, muzeýe öwrülipdi.


Hagia Sofiýany metjide öwürmek babatdaky ägirt uly simwoliki göçüm, halkara tankytlaryna, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we prawoslaw hristian ýolbaşçylarynyň tankytlaryna garamazdan, amala aşyryldy.


Birleşen Milletler Guramasynyň medeni gullugy UNESKO Türkiýäniň kararyna çuňňur gynanýandygyny aýtdy we Wizantiýanyň öňki ybadathanasynyň ýagdaýy barada öňünden gepleşilmändigini belledi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus