Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Nebit öndürýän ýurtlar önümçiligiň azaldylmagyny gowşatmak ähtimallygyny maslahatlaşar

OPEK nebit karteli şu hepde, global islegiň pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp gelýändigini görkezýän alamatlaryň arasynda, nebit önümçiligini artdyrmak ýa-da ýokarlandyrmazlyk meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanyşmaly.


"The Wall Street Journal" we "Bloomberg", Saud Arabystany ýaly esasy kartel öndürijileriniň, Orsýet ýaly agza däl, ýöne möhüm ýurtlar bilen birlikde, guramanyň häzirki we geljekdäki önümçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin 15-nji iýulda wideo konferensiýa geçirjegini habar berdi.


Önümçiligiň düýpli azaldylmagy, koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görlen petikleme çäreleri we kärhanalaryň ýapylmagy  zerarly azalan islegler bilen baglylykda, görülmedik derejede arzanlan çig nebit bahalaryny durnuklaşdyrmaga kömek etdi.


OPEK +, Orsýet bilen bile nebit öndürýän ýurtlaryň 23 sanysyny  öz içine alýan gurama aprel aýynda  maý we iýun aýlarynda öndürilýän önümleriň global üpjünçiliginiň takmynan 10 göterimini azaltmaga razy boldy.


Indi Saud Arabystany we bu bileleşige gatnaşyjylaryň köpüsi önümçilikdäki çäklendirmeleri gowşatmagy goldaýar diýip, habarda aýdylýar.


Karteliň ministrlikler derejesinde işleýän bilelikdäki gözegçilik komiteti önümçilik çäklendirmelerini ýene bir aý saklamalymy ýa-da, başda planlaşdyrylyşy ýaly, togtadylan önümçilikleriň käbirini dikeltmeli diýen meselä serederler. "Bloomberg" agzalaryň käbiriniň önümçiligiň dikeldilmegine gol ýapýandygyny aýdýar.


Neşir Orsýetiň esasy nebit kompaniýalarynyň hem indiki aýdan önümçiligi artdyrmaga taýýarlanýandygyny aýtdy.


Nebitiň bahasy, aprel aýynyň ahyrynda her barreli 20 dollar töweregi pes bolanlygyndan, geçen hepde 43 dollara çenli ýokary galdy.


Halkara Energetika agentligi 10-njy iýulda koronawirusyň global nebit islegine iň erbet täsir ýetiren wagtynyň geçendigini aýdyp, hasabat çap etdi.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus