Eýran, Italiýa we Günorta Koreýa ýaly ýurtlar Hytaýdan gözbaş alan keseliň ýaýramagynyň öňüni almaga dyrjaşýan wagtynda, koronawirus pandemiýasyndan ýa onuň bütin dünýä ýaýramagyndan gorky edilýär.
Türkmenistanyň ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasynda bolan awariýa sebäpli Özbegistana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdary 13 esse azaldy. Bu barada “Fergana.news” neşiri “Özbegistanyň Milli elektrik ulgamlary” edarasyna salgylanyp, 21-nji fewralda habar berdi.
Duşenbe güni Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny çap etdi.
Lebap welaýatynyň býujet işgärlerine juma namazyna barmazlyk we iş ýerinde namaz okamazlyk tabşyrylýar. Bu waka prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebaba sapar edip, welaýatyň täze baş metjidini açan mahalyna gabat geldi.
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda 60 teňňelik resmi nyrhdan satylýan çöregiň gytçylygy saklanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary habar berýärler. "Döwlet dükanlarynda 60 teňňelik arzan býujet çöregi ýetmezçilik edýär. Irden uny dessine satyn alyp gutarýarlar. Köplenç onuň hili pes bolýar" diýip, 24-nji fewralda Azatlygyň habarçysy mälim etdi. Habarçylarymyz, şol bir wagtda-da hususy dükanlarda çöregiň bardygyny, emma görnüşleriniň onçakly köp däldigini belleýärler. "Ak çörek 2 we 3 manatdan arkaýyn satylýar. Читать дальше...
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp eger iki tarapyň arasynda wagtlaýyn ýaraşyk saklansa, onda Owganystanda “Talyban” bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmaga taýýardygyny aýdýar. “Biziň pikirimizçe olar ylalaşyk baglaşmak isleýär, biz ylalaşyk baglaşmak isleýäris, meniň pikirimçe bu başa barar, biz muny göreris” diýip, Tramp 23-nji fewralda Hindistana gitmezden öň, žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy. Şu aýyň başynda iki tarap “ýowuzlygy bir hepde azaltmagy” yglan etdi we bu 22-nji fewraldan güýje girdi. Читать дальше...
Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Çeçenistanda 1944-nji ýyldaky deportasiýanyň pidalaryny köpçülik öňünde ýatlamak çäresi hakyky gününde, ýagny betbagtçylygyň başlan wagtynda bellenildi. Bu waka soňky sekiz ýylyň dowamynda ilkinji gezek 23-nji fewralda geçirildi. Ýekşenbe güni ýüzlerçe adam, şol sanda ýokary derejeli çeçen resmileri we dini ruhanylar deportasiýanyň müňlerçe pidasynyň hormatyna paýtagt Groznyýnyň merkezinde ýygnandy. 2012-nji ýylda Moskwa tarapyndan goldanylýan çeçen lideri... Читать дальше...
Serbiýa, Birleşen Ştatlaryň Balkan ýurduna garşy sanksiýa girizmek ähtimallygyny duýdurandygyna garamazdan, Russiýa tarapyndan öndürilen “Pantsir S1” kysymly howa goranyş ulgamlarynyň birinji tapgyryny hepdäniň ahyrynda kabul etdi. Serbiýa Ýewropa Bileleşigine agza bolmaga synanyşýar. Bu barada Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç 23-nji fewralda telewideniýede görkezilen çykyşynda yglan etdi. Bu waka Serbiýanyň Goranmak ministri buýrulan alty howa goranyş ulgamyndan iki sanysynyň ýurda gelip... Читать дальше...
Eýranda, Italiýada we Günorta Koreýada täze koronawirus bilen kesellänleriň sany ýiti derejede artan mahaly, bu wirusyň dünýä ýaýramagy bilen bagly aladalar artýar. 24-nji fewralda Pars aýlagynda, Kuweýt we Bahreýn döwletleri Eýrandan gelen adamlaryň arasynda COVID-19 wirusy bilen kesellän ilkinji raýatlaryň hasaba alnandygyny habar berdiler. Eýran koronawirusdan sekiz adamyň heläk bolandygyny we başga-da 43 adamyň bu wirus bilen keselländigini tassyklady. Bu wirusyndan Eýranda Hytaýdan daşardaky... Читать дальше...