"Gitmek hyýalyna münen adamlar türkmen migrantlarynyň daşardaky gazanç mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar, birki ýyl mysapyrlykda işlänlerden maslahat we kömek soraýarlar" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran çeşme aýtdy.
2018-19-njy ýyllardan öň Türkmenistanda her ýyl ýüz müňlerçe düýp bag nahalynyň oturdylandygy habar berildi, ýöne olaryň näçe prosentiniň düýp tutandygy, näçesiniň gurandygy we gaýtadan ekilendigi anyk däl.
Gazagystan Hytýayň Wuhan şäherinden 83 raýatyny ewakuasiýa edendigini aýtdy. Bu şäher koranawirus epidemiýasynyň öýjügi hasaplanýar. Hytaýda bu wirusdan ölenleriň sany 300 adamdan geçdi, şol bir wagtda öz ýurtlaryndaky ilkinji wirus ýokuşanlary anyklap, epidemýadan howatyr edip, Hytaýa syýahat gadagançylyklaryny girizýän döwletleriň sany artýar. Gazak hökümeti 2-nji fewralda beýanat çap edip, ewakuasiýa edilen 83 gazak raýatynyň 80 sanysynyň studentler bolandygyny aýtdy. Şeýle-de beýanatda... Читать дальше...
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Birleşen Ştatlar Belarus bilen has ýakyn gatnaşyk gurmaga çalyşýar, emma Minsk Waşington bilen Moskwanyň haýsam bolsa birini saýlamaly diýen zat ýok diýdi. Pompeo bu sözleri 1-nji fewralda, belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka bilen duşuşyk mahalynda aýtdy. "Bu ýerde Orsýet bilen uzak taryh bar. Biziň ikiden birimizi saýlamak hakynda gürrüň edilmeýär. Biz bu ýerde bolmak isleýäris” diýip, ol aýtdy. Waşington basym Minskde täze ilçisini bellär diýip, Pompeo sözüni dowam etdirdi we Birleşen Ştatlaryň... Читать дальше...
Türkmenistanyň daşary işler ministri, wise-premýer Reşit Meredow sebitdäki howpsuzlyk, hyzmatdaşly mesleslerini maslahatlaşmak üçin 1-nji fewralda Kabula baryp, Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk, gaz we elektrik geçiriji taslamalaryny amala aşyrmak meseleleri hakynda gürrüň edildi. Türkmen ministriniň owgan prezidenti bilen duşuşygy owgan resmisiniň geçen aýyň aýagynda TOPH geçirijisiniň gurluşygyna ýakyn geljekde... Читать дальше...
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Gazagystandaky “hakyky reformalary” öwüp, Waşingtonyň nebite baý ýurduň “geçiş pursatynda “kömek etmekçi bolýandygyny” aýtdy. Ol 2-nji fewral gazak paýtagtynda AÝ/AR bilen eden söhbetdeşliginde ozalky sowet respublikasyny Waşingtona goşulyp, Hytaýa Sinjiaňdaky azlyklara berýän azary sebäpli basyş görkezmäge çagyrdy we Amerikanyň Merkezi Aziýanyň “gülläp ösenini” görmek isleýändigini aýtdy. Pompeo bu ýurda sapary mahalynda hytaýly etniki gazaklar bilen hem duşuşdy... Читать дальше...
“Hytaýdan ewakuasiýa edilýän watandaşlar 2-nji fewralda uçmaly uçara aeroportda garaşyp ýatyrlar. Türkmenistanyň Merkezi banky olara kömek bermekden geçen, wiza kartlaryny ýapyp goýupdyr. ...muny pul tygşytlamak üçin edýärlermi?” diýip, Azatlyga şu gün gelip gowşan hatda soralýar.