Sişenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.
Lebap welaýatynyň edara-kärhanalarynyň işgärlerinden golaýda geçiriljek bag ekmek çäresi üçin 70 manatdan 100 manada çenli pul ýygnalyp başlandy.
Türkmenisanyň “TurkmenÄlem 52E” milli emeli aragatnaşyk hemrasy 10-njy fewraldan bäri özbek telekenallaryny efire goýbermeýär. Bu barada Turkmen.News neşiri habar berýär.
Lebap welaýatynyň Farap we Saýat etrap gaz edaralarynyň resmileri ilatyň sarp eden gazy üçin tölegleri öz wagtynda almak çärelerini güýçlendirdiler.
Türkmenistana barýan daşary ýurtlular, hususan-da orsýetliler karantinе salynýar we barlaglaryň çykdajylaryny tölemäge mejbur edilýär. Bu barada Orsýetiň habar çemeleri we garasyz "Türkmen.news" neşri habar berýär. "Türkmen.news" neşriniň maglumatyna görä, 17-nji fewralda Aşgabada Moskwadan baran Orsýetiň alty raýaty saklanypdyr, olarda koronawirusyň bolmagy güman edilipdir. "Pasport barlagyndan geçen wagtynda adamlaryň dokumentleri ellerinden alyndy, baranlaryň özlerinden medisina işgärleriniň ýanyna barmak soraldy. Читать дальше...
Ukrainanyň uçary Hytaýda koronawirusyň episentri bolan Wuhan şäherinden ukrain we daşary ýurtly raýatlary ewakuasiýa etmek üçin ýola düşdi. Uçar ilki Gazagystanyň Almaty şäherinde gonuşy amala aşyrar, ondan soň hem Hubeý welaýatynyň paýtagtyna tarap ugrar. Mundan bir gün öň, Wuhanda 132 adamyň ölendigi habar berildi. Pekin COVID-19 wirusyndan umumy hasapda 2 müň 4 adamyň ölendigini aýdýar. Hytaýda wirusa ýoluganlaryň sany 74 müň 185-e ýetdi. Dünýäniň beýleki döwletlerinde wirus bilen 700 töweregi adamyň keselländigi bellenilýär. Читать дальше...
ABŞ-nyň Maýami sebitinde meksikaly bir raýat rus hökümetiniň resmisiniň görkezmesi esasynda “ABŞ hökümetiniň çeşmesi” diýlip häsiýetlendirilen adamyň ulagynyň yzyna düşüp, onuň baran ýerleri barada rus raýatyna maglumat bermekde şübhelenip tussag edildi. ABŞ-nyň Adalat departamentiniň 18-nji fewralda ýaýradan beýanatynda Hektor Alehandro Kabrera Fuentesiň tussag edilendigi aýdylýar. Emma, onda rus raýatynyň çeşmedigi aýdylýan adamyň näme sebäpden bolan ýerleri we onuň ulagynyň belgisi barada maglumat almak isländigi aýdyňlaşdyrylmaýar. Читать дальше...
Özbek serhetçileri goňşy Gyrgyzystan bilen araçäkdäki Batken regionynda 13 gyrgyz raýatyny sakladylar. Gyrgyzystanyň Döwlet serhet gorag gullugynyň beren maglumatyna görä, Fergana jülgesindäki Çekelik obasynyň ýaşaýjylary 19-njy fewralda “tötänlik bilen özbek territoriýasyna geçeninden” soňra saklanypdyrlar. “Özbek serhetçileri tarapyndan saklanan gyrgyz raýatlarynyň şahsyýetleri anyklanýar. Olary boşatmak baradaky gepleşikler dowam edýär” diýip, Batken regionynyň Döwlet serhet gorag edarasy aýtdy. Читать дальше...
Owganystanyň saýlaw resmileri geçen ýylky prezidentlik saýlawlarynda häkimiýet başyndaky prezident Aşraf Ganiniň ýeňiji bolandygyny yglan etdiler. Emma, onuň esasy garşydaşy Abdullah Abdullah ses berilişigiň soňky netijeleri bilen ylalaşmady. Garaşsyz Saýlaw Komissiýasynyň 18-nji fewralda beren maglumatyna görä, 28-nji sentýabrdaky saýlawlarda Gani sesleriň 50,64%-ni alyp, bäş ýyl möhlet bilen ikinji gezek prezident saýlanypdyr. Ganiniň 50%-den köp sesleri almagy netijesinde, prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilmez. Читать дальше...
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň uzak wagtlyk täsirli kömekçisi Wladislaw Surkowy wezipesinden boşatdy. Mundan öň, birnäçe hepdeläp 55 ýaşly Surkowyň, Moskwanyň Ukraina babatyndaky syýasatyny üýtgetmegi sebäpli, Kremli terk edip biljekdigi barada çaklamalar peýda bolupdy. Putiniň Surkowy wezipesinden aýyrmak baradaky karary 18-nji fewralda Kremliň websaýtynda çap edildi we dessine güýje girdi. Surkow Kiýew bilen Ukrainanyň gündogaryndaky Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň... Читать дальше...