Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary, şu günler paýtagtda grip keseliniň giň ýaýrandygyny, ýurduň gündogarynda Lebap welaýatynda bolsa koronawirusyň ojagy bolan Hytaýdan gelýänleriň saklanýan regionynda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini habar berýärler.
Aşgabadyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryna gije sagat 22:00-dan soň köçä çykmazlyk barada duýduryş berildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.
7-nji fewralda gelen maglumata görä, Mary şäheriniň Kemine köçesiniň ugrunda ýerleşýän Gök bazarynyň daşynda bikanun walýuta söwdasyny edýän raýatlaryň birnäçesi şu gün irden, sagat 10:00-da tussag edildi.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda soňky aýlarda dilegçilik edýän we ýaşaýyş jaýlara aýlanýan adamlaryň köpelýän wagtynda polisiýanyň ilaty hüşgär bolmaga çagyrýandygyny habar berýärler.
Şu günler Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň we Farap etrabynyň käbir daýhan birleşikleriniň ýaşaýjylary elektrik togunyň yzygiderli kesilmeginden şikaýat edýärler.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary, şu günler paýtagtda grip keseliniň giň ýaýrandygyny, ýurduň gündogarynda Lebap welaýatynda bolsa koronawirusyň ojagy bolan Hytaýdan gelýänleriň saklanýan regionynda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini habar berýärler. Lebap welaýatyndaky habarçymyzyň 7-nji fewralda habar bermegine görä, welaýatda howpsuzlyk çäreleri Hytaýda dörän koronawirus sebäpli güýçlendirilipdir. Habarçylarymyzyň we garaşsyz media serişdeleriniň sözlerine görä... Читать дальше...
Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Çeçenistanda belli derňewçi žurnalist Ýelena Milaşina we adam hukuklary aklawçysy Marina Dubrowina hüjüm edildi. Düýbi Moskwada ýerleşýän “Nowaýa Gazeta” neşiriniň ýazmagyna görä, olar çeçen paýtagty Grozna belli blogger Islam Nukhanowyň üstünden geçýän sud diňlenişigine gatnaşmak üçin gelipdirler. 6-njy fewral güni giçlik žurnaliste we aklawça näbelli adamlaryň bir topary hüjüm etdi. Hüjümçileriň arasynda aýallar hem bardy. Olar Milaşinany we Dubrowinany... Читать дальше...
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Yragyň Najaf şäherinde protestçilere garşy edilen sütemkärligiň Waşingtonyň “gahar-gazabyny döredendigini” aýtdy. Pompeonyň 6-njy fewraldaky beýanatyndan bir gün öň, şaýy ruhanasy Muktada al-Sadryň goldawçylary hökümete garşy protestçileriň lagerine hüjüm edip, azydan sekiz yrakly demonstranty öldüripdi. Populist Sadr ilki demonstrantlary goldapdy. Emma mundan birnäçe gün öň, ol protestçilerden bölünip, ýurduň premýer-ministri diýlip bellenen Mohammed Tawfik Allawini goldap başlady. Читать дальше...
ABŞ bilen Russiýa Wenezuela boýunça söz üsti bilen garpyşdylar. Moskwa, ABŞ we dünýäniň 50-den gowrak beýleki döwleti tarapyndan bikanun hasaplanýan, Wenezuelanyň prezidenti Nikolas Madurony goldap çykyş edýär. Birleşen Ştatlaryň günorta amerika ýurdy boýunça ýörite wekili Elliott Abrams Russiýany Madurony goldamazlyga çagyrdy. Bu aralykda, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Wenezuela boýunça daşary syýasatyny tankytlady. Ol Waşingtony harby interwensiýa üçin esasy döretmek synanyşygynda aýyplady. Читать дальше...
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirmek üçin Russiýanyň Soçi şäherine geldi. Saparyň dowamynda rus nebitiniň tariffleri barada maslahat edilmegine garaşylýar diýip, BelTA gullugy habar berýär. 7-nji fewraldaky gepleşikler iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň aýgytlaýjy pursadyna gabat geldi. Lukaşenka Moskwanyň Minske basyş edip, Belarusy Russiýa bilen garylyp-gatylmaga itekleýändigini aýdyp, şol bir wagtda munuň hiç haçan durmuşa geçmejekdigini söz berýär. Читать дальше...