Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar we işsizlik bilen baglylykda, Lebabyň Köýtendag we Kerki etraplarynda ýaş maşgalalaryň arasynda aýrylyşmak hadysalary köpelýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu welaýatdan habar berýär.
Günorta-gündogar Türkmenistanyň türkmen-owgan serhedine golaý araçäkde ýerleşýän käbir ilatly nokatlaryň ýaşaýjylary gijelerine atyşyk seslerini eşidýändiklerini hem-de özleriniň türkmen serhedine sümülen ýaragly jeňçilere has ýygy-ýygydan duşup başlandyklaryny aýdýar.
Hytaýda täze koronawirusyň pidalarynyň sanynyň köpelýän wagtynda Türkmenistanyň häkimiýetleri ilaty koronawirus we beýleki ýokanç keller barada habarly etmek çärelerini geçirýärler. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar bermegine görä, şu günler paýtagtda ilata ýazmaça görnüşde çap edilen maglumatlar paýlanýar: - Bukletleri diňe keselhanalarda we klinikalarda ýaýratman, kärhanalarda, mekdeplerde, we öýme-öý aýlanyp gowşurýarlar. Men bu işiň möçberini kesgitläp bilmerin, emma tanyşlarymyň ählisi öz ýanlaryna baryp... Читать дальше...
Türkmenistanda baş kanuna üýtgetmeleri girizmek, kanun çykaryjy ulgamy iki palataly sistema geçirmek boýunça hödürlenýän täze kanunyň fonunda, häkimiýetler teklip edilýän üýtgetmeler bilen baglylykda ilat arasynda "düşündiriş" işlerine girişdi.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň häkimiýet başyndaky “Täze Azerbaýjan” partiýasy 125 agzalyk bir palatalyk parlamentiniň 64 ornuny almagy başardy diýip, irki geçirilen saýlawlardan gelip gowşan deslapky maglumatlarda aýdylýar. Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň başlygy 10-njy fewralda sesleriň 87%-niň sanalandygyny aýdyp, deslapky netijeleri mälim etdi. “Täze Azerbaýjýan” partiýasy iş başyndan gidýän parlamentde 65 orna kontrollyk edýärdi. 9-njy fewralda geçirilen saýlawlarda Milli Mejlisiň... Читать дальше...
Hytaýda täze koronawirus sebäpli ölenleriň sany 908 adama ýetdi. Hytaýyň Milli saglyk komissiýasy 9-njy fewralda täze 97 ölümiň hasaba alnandygyny aýtdy. Dünýä boýunça bu wirusa ýoluganlaryň sany 40 müň 171-e ýetdi. Bütindünýä Saglyk Guramasy epidemiýanyň kadalaşyp başlandygyna çalym edýändigini aýtdy. Hytaýyň daşyndaky ýigrimiden gowrak döwletde bu wirus bilen kesellän 350 ýagdaýyň üsti açyldy. 10-njy fewralda Bütindünýä Saglyk Guramasynyň ýolbaşçylygyndaky “halkara ekspert missiýasy”... Читать дальше...
9-njy fewralda müňden gowrak gazak raýaty goňşy Gyrgyzystanyň serhedinden Gazagystana geçdi. Mundan iki gün öň, Gazagystanyň bäş obasynda ýüze çykan zorlukly etniki dawa-jenjel sebäpli müňlerçe adam Gyrgyzystana aşypdy. Gyrgyz resmileriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, etniki gazaklar bilen asly hytaý musulman toparlaryndan bolan dunganlaryň arasyndaky 10 adamyň ölümine getiren zorlukdan soň, Gazagystandan 4 müň 500 adam serhetden geçipdir. 8-9-njy fewral aralygynda gyrgyz keselhanalaryna 34 gazak raýaty ýerleşdirildi. Читать дальше...
Kiýewiň Şäher Geňeşi onlarça ýyllyk leýlisaç bagyna, sowet rok legendasy Wiktor Tsoýuň hormatyna, “botaniki monument” diýen ady berdi. Tsoý Kiýewiň bu sebitinde filme hem düşürilipdi. Boýy 18 metr bolan 60 ýyllyk leýlisaça degişli adyň berlendigi barada şäheriň Ekologiýa we tebigy resurslar boýunça dapartamenti geçen dynç günleri mälim etdi. Munuň netijesinde, bagyň çapylmagyna hat-da şahalarynyň hem kerçelenmegine gadagançylyk girizilýär. 1986-njy ýylyň iýulynda sazanda, aktýor we “Kino” rok... Читать дальше...
Türkmenistanyň “Altyn Asyr” futbol toparynyň oýunçylary Russiýanyň Kaliningrad şäheriniň “Baltika” toparynyň futbolçylary bilen ýakalaşdylar.