Gazagystanyň günorta regiony Žambulda polisiýa 11 adamyň başyna ýeten etnikara çaknyşyklara sebäp bolandygy çaklanýan “ýol gazaby” dawasy bilen ilteşiklikde, etniki dunganlara degişli üç dogany tussag astyna aldy.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 18-nji fewralda habar bermegine görä, Nyýazow adyndaky keselhanada liftler şu günki güne çenli bejerilmän galýar. Bu ýagdaýda agyr hassalary we maýyplary basgançaklardan bir gatdan başgasyna göterip alyp barýarlar.
Türkmenistan at çapyşyk ýodalaryna täze örtük ýazdyrmak boýunça “Andrews Bowen Ltd” britan kompaniýasy bilen bahasy £1 mln funtlyk ylalaşyk baglaşdy. Bu barada “The Gazette” iňlis neşiri habar berýär.
Dünýäde täze koronawirusdan ýogalanlaryň sany tas 1900 adama ýeten mahaly, Birleşen Ştatlaryň we Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanalary Türkmenistanda bu wirus bilen bagly görülýän çäreler barada saglyk duýduryşyny ýaýratdy.
Hytaý, koronawirus krizisiniň fonunda, Türkmenistandan umumy bahasy 200 müň dollarlyk 1 million gorag maskasyny satyn aldy. Bu barada turkmenistan.ru internet neşiri Türkmenistanyň Haryt we çyg-mal biržasyna salgylanyp habar berýär.
Derňewçi žurnalizm Bellingkat topary özüniň geçiren derňewiniň netijesinde 2019-njy ýylda ozalky separatist çeçen komandiriniň Berlinde öldürilmeginiň arkasynda Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) durandygynyň äşgär bolandygyny aýtdy. Zelimhan Hangoşwili 23-nji awgustda gündiziň dowamynda Berliniň seýilgähleriniň birinde atylyp öldürilipdi. Germaniýa delilleriň muny rus hökümetiniň ýa-da Çeçenistanyň resmileriniň görkezmesi esasynda amala aşyrylandygyny uly ähtimallyk bilen görkezýändigini aýdýar. Читать дальше...
Türkmenistanyň migrasiýa häkimiýetleriniň ýurtdan dürli sebäpler, şol sanda iş gözleginde Aşgabadyň halkara aeroportundan daşary ýurtlara çykmak isleýän raýatlardan “araçylaryň üsti bilen” para talap edýändikleri barada maglumatlar gelip gowuşýar.
Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) Täjigistanda adam öldürmekde, ogurlykda, adam gaçyrmakda we beýleki jenaýatlarda aýyplanýan ozalky täjik meýdan komandirini yzyna ekstradisiýa etdi. Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň 17-nji fewralda beren maglumatyna görä, Huja Karimow Duşenbä ekstradisiýa edilipdir. Karimow Täjigistandaky bäş ýyllyk graždançylyk urşunyň dowamynda hökümet güýçleriniň komandiri bolupdy. Ol 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde Täjigistanyň haýyşy boýunça tussag edilipdi. Читать дальше...
Gyrgyzystanyň merkezi Naryn regionynyň At-Başi obasynyň golaýynda ýüzlerçe adam sebitdäki hytaý proýektine garşy protest geçirdiler. 17-nji fewraldaky demonstrasiýalar bu Merkezi Aziýa ýurdunda Pekiniň artýan täsirine garşy geçirilen jemgyýetçilik ýörişleriniň iň soňkusydyr. Protestçiler gyrgyz hökümetinden sebitde gurulmagy göz öňünde tutulýan $275 millionlyk logistika merkezi baradaky planlarynyň ýatyrylmagyny talap etdiler. Bu proýekt barada 2019-njy ýylda hytaý prezidenti Şi Jinpingiň Gyrgyzystana eden saparynyň dowamynda ylalaşylypdy. Читать дальше...
Gazak resmileri ençeme terror hüjüminiň öňüni alandyklaryny, şeýle-de bulary gurnan “zyýanly dini kult” diýip häsiýetlendiren toparynyň iki tarapdaryny tussag edendiklerini aýtdylar. Milli Howpsuzlyk Komitetiniň (KNB) 18-nji fewralda beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän şahsyýetler Gazagystanyň iň uly Almaty şäherinde tussag edilipdirler. Suduň tussaglyk baradaky degişli hökümi 14-nji fewralda çykaryldy. KNB şübhelenýänleriň öýlerinde geçirilen gözleg işlerinde partladyjy enjamlary we nyşana... Читать дальше...