Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý oktýabrda, ýurduň beýleki sebitleri bilen birlikde, konfliktiň dowam edýän ýurduň gündogar regionlarynda hem ýerli saýlawlary geçirmegi teklip etdi. 15-nji fewralda Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda Zelenskiý Günbatar döwletlerini Kiýewiň Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistlerine garşy söweşine ýardam etmäge çagyrdy. “Ukrainadaky uruş – men muny bilýärin – Ýewropadaky uruşdyr. Krymyň anneksiýa edilmegi bilen bu Ikinji jahan urşunyň möhletine golaýlady. Читать дальше...
Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Mark Esper ABŞ bilen “Talybanyň” arasynda Owganystandaky gazaplylygy bir hepde möhlet bilen togtatmak baradaky ylalaşygyň “wada beriji ýaly bolup görünýändigini”, emma munuň bilen ilteşikli töwekgelçilikleriň hem saklanyp galýandygyny aýtdy. Esper 15-nji fewralda Mýuhende geçýän Howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda 19 ýyllyk konflikte syýasy çözgüt tapmagyň çäginde “parahatçylyga mümkinçilik” bermek üçin wagtyň gelendigini aýtdy. Owgan prezidentiniň... Читать дальше...
Türkmenistanda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyna, 2019-njy ýylda ýurduň “iň ýokary netije gazanan etraby” diýlip kesgitlenmegi mynasybetli, 1 million dollar möçberinde pul baýragy berildi.
Hytaý koronawirusa täze ýoluganlaryň sanynyň tertip üçünji gün kemelýändigini aýdýar. Şol bir wagtda, Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) krizisiň nähili ýaýrap başlajakdygyny aýdardan entek has irdigini belleýär. Hytaý resmileriniň 16-njy fewralda beren maglumatlaryna laýyklykda, Hytaýda wirusdan soňky bir günüň dowamynda 142, krizis başlanaly bäri bolsa 1 müň 665 adam ölüpdir. Şeýle-de, COVID-19 wirusyna täze 2 müň 9 adam ýolugyp, umumy kesellänleriň sany 68 müň 500 töweregi boldy. Mundanam başga... Читать дальше...
Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regionyndaky Dagystan respublikasynda polisiýa öýdäki zorluklaryň pidalaryna hemaýat beren aktiwistleriň öýlerinde we edaralarynda gözleg geçirdi, diýip Human Rigths Watch guramasy 15-nji fewralda mälim etdi. Adam hukuklaryny goraýjy guramanyň maglumatyna görä, 13-nji fewralda polisiýa Hasawýurtda we respublikanyň paýtagty Mahaçgalada geçiren reýdiniň dowamynda kompýuterleri we beýleki elektroniki abzallary ele geçiripdir. Polisiýa “Kanunçylyk inisiatiwasy” atly hökümete... Читать дальше...
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda Eýrandaky etniki türkmen azlyklaryna türkmen adam atlarynyň gadagan edilmegi, bu gadagançylygyň milli azlyklaryň hak-hukuklaryna çapraz gelmegi we bu meseleleriň mümkin bolan sebäpleri barada gürrüň edilýär.