Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew prezidentiň möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldýan soňky konstitusiýa üýtgetmelerinden soň, irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi. Irki saýlawlaryň geçiriljek senesi mälim edilmedi. Ýöne özbek kanunlaryna laýyklykda, ses berişlik Mirziýoýewiň 8-nji maýda irki saýlawlary yglan etmeginden soň, iki aýyň içinde geçiriler. Mirziýoýew bu habary yglan edende, özüniň prezidentlik möhletiniň galan üç ýarym ýylyndan "öz inisiatiwasy" bilen çekilýändigini aýtdy. Читать дальше...
Mary welaýatynyň merkezi we Baýramaly şäherlerinde polisiýa işgärleri pyýada raýatlara gözegçiligi güýçlendirip, olara garşy reýdleri geçirýärler. Olar köçeleri pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerden kesip geçen raýatlary "awlaýarlar".
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde şu ýyl orta mekdebi tamamlaýan okuwçy oglanlara harby gulluga çagyryş haty gowşurylyp başlandy. Mundan ozal, garaşsyz neşir bu hatyň Mary welaýatyndaky mekdep okuwçylaryna hem gowşurylýandygyny habar berdi.
Azyk önümleriniň yzygiderli gymmatlamagy ilat köpçüligini aladalandyrýan esasy meseleleriň biri bolup, bahalaryň üýtgäp durmagy köpçüligiň maşgala çykdajylaryny kesgitlemegini we gün güzeranyny dolandyrmagyny kynlaşdyrýar. Lebapdaky habarçymyz soňky hepdede ýerli bazarlarda azyk önümleriniň gymmatlamandygyny, hatda biraz arzanlandygyny habar berýär.
Aşgabadyň etraplarynda iki hepde ýaly gysga wagtyň dowamynda azyndan üç gezek suw üpjünçiligi kesildi diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar. Soňky sapar 5-nji maýda paýtagtyň Parahat etrapçalarynda hasaba alnan suw ýetmezçiligi günüň dowamynda üç sagatdan sekiz sagada çenli dowam edýär. Suw üpjünçiligi Aşgabadyň etraplarynda gezekli-gezegine öçürilýär. “Tomus nämeler bolar, muny göz öňüne-de getirmek kyn. Bu aralykda, suwlar kesilende alternatiw suw üpjünçiligi ýola goýulmaýar. Öňler, iň bolmanda... Читать дальше...
Daşoguz welaýatynyň birnäçe etrabynda daşary ýurtda zähmet çekýän garyndaşlary bolan ýaşaýjylar söhbetdeşlik üçin Migrasiýa gullugyna çagyrylýar. Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri Russiýadaky türkmen raýatlary barada olaryň ýakynlaryndan jikme-jik maglumat talap edýärler.
Mary welaýatynyň döwlet edara-kärhanalary işgärlerden ýene pul ýygnaýar. Adam başyna 60 manat möçberinde kesgitlenen nobatdaky pul ýygymlarynyň sebitiň çäginde ýerleşýän gowaça meýdanlarynyň otag işlerine harçlanjakdygy aýdylýar.
Geçen hepdäniň aýagynda Daşogzuň Köneürgenç etrabynyň iki sany daýhan birleşiginde degişlilikde arzan bahadan satylýan subsidirlenen önümleriň eýýäm ençeme aý bäri goýberilmeýändigine garşy protest geçirildi. Bu barada ilkinji bolup habar beren “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, nägilelik çäresine 100-den hem aşa ýaşaýjy gatnaşypdyr. Bu wakany tassyklatmagy başaran Azatlygyň habarçysy protestçiler bilen sebite gelen polisiýanyň arasynda ýakalaşygyň bolandygyny, 15 töweregi adamyň hem saklanandygyny anyklady.
Mary welaýatynyň çäginde ýene güýçli, gurak we tozanly ýel turdy. 2-nji maýda irden sagat 11-den soňra başlan şemal soňy bilen güýçli ýele öwrülip, 3-nji maýda öýläne çenli dowam etdi. Tozanly ýel miweli baglara zeper ýetirip, köp daýhanyň maddy zyýan çekmegine getirdi.
Köneürgenç etrabynyň “Täze ýap” we “Zaman” daýhan birleşiklerinde 28-nji aprelde 280 töweregi ýerli ýaşaýjýynyň döwlet dükanlaryndan ýeňillikli azyk paýlaryny talap edip geçiren aýrybaşga iki protest aksiýasynyň yz ýany, sebitde Internet aragatnaşygynyň kesilendigi we komendant sagadynyň yglan edilendigi barada habarlar gowuşýar. Bu aralykda, ilatyň subsidirlenen azyk paýlaryny talap edýän täze protest çäreleri Köneürgenç etrabynyň 30 kilometr töweregi günbatarynda ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem hasaba alyndy. Читать дальше...
Türkmenistanda okuw ýylynyň soňunyň golaýlamagy bilen, adat bolşy ýaly, mekdeplerde we okuw-terbiýeçilik edaralarynda abatlaýyş işleri üçin ýene-de mejbury pul toplanýar. Mary welaýatynda ähli mekdepleriň okuwçylary dynç alyşdan öň degişli klas ýolbaşçylaryna azyndan 50 manat tabşyrmaly edildi. Pul bermekden ýüz öwürýänlere, ‘ýaramaz bahalar’ bilen haýbat atylýar. Agyr ykdysady krizisiň arasynda, ene-atalar bu çykdajylaryň özlerine goşmaça agram salýandygyny aýdýar. “Mary welaýatynyň çägindäki... Читать дальше...
Eýran sosial mediany "ateizmi wagyz etmäge we dini hem-de yslam mukaddesliklerini kemsitmäge" ulanandygy üçin ölüm jezasyna höküm edilen iki adamy jezalandyrdy. Ýousuf Mehrdadyň we Sadrollah Fazeli Zareň ýüpden asylyp öldürilendigi 8-nji maýda ýurduň kazyýet gullugynyň habarlar websaýty "Mizan" tarapyndan yglan edildi. Ýöne onda iki adamyň haçan jezalandyrylandygy aýdylmady. Zareniň we Mehrdadyň kazyýet işleriniň 2019-njy ýylda, Arak Rewolýusiýa kazyýetinde bildirilen aýyplamalara esaslanýandygy aýdylýar. Читать дальше...